«Mission: Impossible» filminiň final bölüminiň çykjak senesi belli boldy

  • 25.10.2023 17:08
  • 9.6k+

Tom Kruzyň baş keşbi janlandyran «Ýerine ýetirip bolmajak missiýa» şpionçylyk filminiň sekizinji bölüminiň ilkinji görkeziljek senesi bir ýyla golaý yza süýşürildi. Hollywood Reporter bu barada Paramount Pictures we Skydance Media studiýalaryna salgylanyp ýazýar.

Owal 2024-nji ýylyň 28-nji iýunyna meýilleşdirilen Kristofer Makkuorriniň režissýorlyk eden agent Itan Hant baradaky soňky filmi indi deslapky meýilleşdirilişi boýunça 2025-nji ýylyň 23-nji maýynda çykar. Filmiň 40%-i tamamlandy we birnäçe sebäplere görä, önümçilik wagtlaýynça togtadyldy. Birinjiden, filmiň Günorta Afrikada we Awstraliýada geçen surata düşürilişigi aktýorlar düzüminiň 19-njy iýunda bütin dünýäde ýaýradylan “Ölüm howply haklaşyk” filminiň birinji bölüminiň mahabaty kampaniýasyna gatnaşmaklary bilen bagly togtadyldy. Ikinjiden, aktýorlaryň we ýazyjylaryň iş taşlaýyşlary boldy (häzirki wagtda ssenariçiler prodýuserler bilen ylalaşdylar, ýöne aktýorlar has gowy iş şertlerini gözlemegi dowam etdirýärler).
Şol bir wagtyň özünde IndieWire neşiri filmiň täze ada eýe boljakdygyny habar berdi. Olaryň pikiriçe, onuň ikinji ýarymy aýrylar: "Ölüm howply hasaplaşyk, 2-nji bölüm." Onuň ýerini näme çalyşjaklary belli däl.

düýn 20:25
4.6k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
5.7k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
4.6k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
2k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......