TikTok 15 minutlyk wideolary synag edýär

  • 25.10.2023 10:28
  • 6.1k+

TikTok gysga wideo hyzmatynyň topary saýlanan ulanyjylaryň arasynda täzeligini synag edip başlady. Kompaniýanyň habar berşi ýaly, käbir sebitlerde indi kesgitlenen limitlerden ep-esli ýokary bolan wideony ýüklemek mümkinçiligi bar.

Indi çäkli mukdardaky ulanyjylar 15 minut dowam edýän wideony ýükläp biler. TikTok başda gysga wideolar üçin iň belli platforma hökmünde meşhurlyk gazandy, ýöne kem-kemden “uzyn” görnüşli kontenti alyp başlady.
2022-nji ýylyň fewral aýynda kompaniýa iň dowamly wideonyň uzynlygyny üç minutdan 10 minuta çenli artdyrdy. Ozal bu çäk başda 15 sekunt bolanlygyndan köpeldilip, soň 60 sekunta ýetirilipdi.


16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

17.05.2026 23:27
3.1k+

TikTok-da görüp oturan wideolaryňdan myhmanhanalary we syýahatlary göni bronlamak hyzmaty peýda boldy

TikTok kompaniýasy myhmanhanalary, gözel ýerleri we güýmenje ýerleri gözlemek hem-de bronlamak funksiýalaryny göni ykjam goşundynyň içine birleşdirýän TikTok GO hyzmatynyň resmi taýdan işe girizilendigini......

13.05.2026 20:01
4.5k+

TikTok ABŞ-da çagalaryň maglumatlary boýunça gozgalan dawany çözmek üçin 400 million dollar tölär

ABŞ-nyň hökümeti we TikTok sosial ulgamynyň ýolbaşçylygy kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylaryň gizlinliginiň bozulmagy bilen bagly giň gerimli derňew işi boýunça ylalaşyk baglaşmaga golaýlaşýarlar. Tölenjek......