Hindistanyň paýtagty Nýu-Deli dünýäniň 110 sany iri şäheriniň içinde iň hapa howalysy boldy

  • 25.10.2023 10:15
  • 17k+

Bloomberg-iň habar bermegine görä, öňünden meýilleşdirilýän we ýyllyk hasaplanýan ýangynlar hem-de ýeliň ýoklugy sebäpli Nýu-Delidäki howanyň hiliniň görkezijisi 346-a ýetdi, bu bolsa dünýäniň 110 şäheriniň içinde iň ýokary görkeziji hasaplanýar.

Howada elmydama haýsydyr bir hapalaýjy maddalar bar, ýöne olar hemişe göze görünmeýär. Şweýsariýanyň IQ Air howany arassalaýyş ulgamyny öndüriji kompaniýasy ownuk gaty bölejikleriň (PM2,5) bir kub metrde 296 mikrogram konsentrasiýasyny hasaba aldy. Bu BSGG-nyň 1 kub metr üçin maslahat berýän 15 mikrogram derejesinden 20 esse ýokarydyr.  Energetika we çeşmeler institutynyň ylmy işgäri Anju Goeliň pikiriçe, howanyň hiliniň pes bolmagy temperaturanyň peselmegi we ýeliň tizliginiň aşak bolmagy sebäpli ýüze çykýar.
Mumbaçda-da şol görkeziji 177-e ýetdi. Munuň sebäbi ekin ýerlerini arassalamakda möwsümleýin ýangynlar, ulaglardan, gurluşyk işlerinden we kömür bilen işleýän elektrik stansiýalaryndan çykýan hapalar bilen bagly.
Çikago uniwersitetiniň gözlegçileri howanyň ownuk bölejiklerden hapalanmagy hindileriň ömrüni ortaça 5,3 ýyl kemýändigini anykladylar. Hindistanyň hökümeti indi birnäçe ýyl bäri howanyň hapalanmagyna garşy göreşmek üçin birnäçe çäreleri durmuşa geçirýär, emma şu wagta çenli eden tagallalary netijesizligine galýar. Iň soňky girizilen täzelikler hem ygtybarsyz bolmagynda galdy.


18.06.2026 22:08
2.8k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

08.06.2026 17:48
7.6k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

07.06.2026 10:07
3.5k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......