ABŞ-nyň Albukerke şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri başlandy

  • 24.10.2023 19:23
  • 9.7k+

23-nji oktýabrda ABŞ-nyň Albukerke doganlyk şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy. Bu dabaraly çäre türkmeniň görnükli akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300-ýyllygyna bagyşlanandyr. Wekilçilikli medeni foruma Türkmenistanyň bilim, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşýarlar.

Düýn Nýu-Meksiko uniwersitetinde Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasy we Nýu-Meksiko uniwersiteti tarapyndan Albukerke şäher häkimliginiň goldawy bilen gurnalan Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi.
Çäräniň dowamynda Magtymgulynyň eserleri türkmen dilinde we iňlis diline terjime edilen görnüşinde ýerine ýetirildi. Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň we Aşgabat şäher Medeniýet bölüminiň merkezleşdirilen kitaphana ulgamynyň wekilleri beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň ömri we döredijiligi barada çykyş etdiler.
Amerikan tarapdan, şahyr we Nýu-Meksiko ştatynyň senatynyň agzasy William Boldwin Onil çärä gatnaşdy hem-de Magtymguly Pyragynyň işine ýokary baha berdi.
Medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti bilen Nýu-Meksiko uniwersitetiniň prezidenti Garnett Stoksyň arasynda duşuşyk geçirildi, duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň uniwersitetleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu nukdaýnazardan, türkmen talyplary üçin onlaýn okuwy guramagyň mümkinçilikleri, şeýle hem uniwersitetiň professor mugallymlarynyň ylym we bilim pudagynda tejribe alyşmak üçin Türkmenistana saparlary bellendi.


19.06.2026 19:53
2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

19.06.2026 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......