Apple ýene birnäçe günden täze iMac-y we MacBook Pro-ny tanyşdyrar

  • 24.10.2023 10:54
  • 4.4k+

Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurman Apple-iň oktýabr aýynyň ahyrynda täze iMac-y we MacBook Pro -ny yglan etjekdigini habar berdi. Kompaniýa önümlerini aýyň 30-na ýa-da 31-ne görkezer.

Enjamlardaky esasy üýtgeşmäniň täze prosessorlar bolmagyna garaşylýar. Geljekki iMac-y M3, MacBook Pro-ny bolsa M3 Pro we M3 Max bilen enjamlaşdyrarlar. Çipler 3nm tehnologiýa prosessi arkaly öndüriler.
Mundan başga-da, Gurman kompaniýanyň henizem 32 dýuýmlyk iMac-y çykarmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Şeýle-de bolsa, ol bazara 2024-nji ýylyň ahyryndan bäri çykmaz.
Mundan öň DigTimes-yň žurnalistleri Apple -iň 2024-nji ýylda eplenýän iPad öndürip başlajakdygyny aýtdylar. Eger kompaniýa meýilleşdirilen tertibine eýerse, enjamyň yglan edilmegi 2024-nji ýylyň ahyrynda ýa-da 2025-nji ýylyň başynda bolup biler.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...