Huawei arzan eplenýän smartfon çykarar

  • 24.10.2023 10:45
  • 5.4k+

«Huawei» hytaý korporasiýasy elýeterli bahadan eplenýän smartfon çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada «CNET» neşiri habar berýär.

Žurnalistler Revegnus lakamly insaýderiň hasabatyna salgylanýarlar. Awtoryň bellemegine görä, enjam «Pocket» seriýasynyň bir bölegi bolar. Enjamyň esasy eplenýän ekrany we smartfonyň daşynda ýerleşýän goşmaça ekrany bolar.
Çeşme beýleki eplenýän enjamlar bilen deňeşdirilende, onuň arzan boljakdygyny aýtdy. Onuň bahasy 735 dollar ýa-da ondan pes bolar. Telefonyň çykaryljak senesi aýan edilmedi, ýöne Revegnus enjamyň 2024-nji ýylda hödürlenjekdigine ynanýar.


16.12.2025 17:18
2.2k+

Huawei Nova 15 smartfonlarynyň üç modelini yglan etdi we öňünden sargytlary alyp başlady

Huawei kompaniýasy öz onlaýn dükanynda täze Nova 15, Nova 15 Pro we Nova 15 Ultra smartfonlaryny hödürledi. Täze enjamlar üçin Hytaýda 15-nji dekabrda öňünden sargytlar kabul edilip başlandy, resmi satuwa çykarylşy bolsa 22-nji dekabrda geçiriler...

15.12.2025 14:58
1.6k+

Huawei-niň flagman Mate X7 eplenýän smartfony halkara bazaryna çykdy

Täze flagman eplenýän smartfon Huawei Mate X7 noýabryň ahyrynda Hytaýda görkezilenden soň ilkinji gezek halkara bazaryna çykdy. Smartfon ykjamlygy, kuwwatlylygy we haýran galdyryjy goragy bilen tapawutlanýar. Smartfon diňe bir wersiýada hödürlenýär: 16 GB operatiw we 512 GB hemişelik ýat...

15.12.2025 08:41
1.5k+

"Çeýe" smartfon bazary ilkinji eplenýän iPhone çykandan soň 30%-lik ösüş görkezer

IDC portalynyň analitikleriniň çaklamasyna görä, eplenýän smartfonlar bazary geljek ýyl girdeji hasabynda ep-esli ösüşi — dessine 30%-i görkezer. Bu segmentiň esasy hereketlendirijileri ilkinji eplenýän Apple iPhone-nyň we ýaňy-ýakynda hödürlenen "Samsung Galaxy Z TriFold" modeliniň çykmagy bolar...

01.12.2025 13:33
3.8k+

Huawei 3500 dollara 18 karatlyk Watch Ultimate Design sagadyny çykardy

Huawei kompaniýasy Watch Ultimate Design akylly sagadyny satuwa çykardy. Ol Hytaýda 28-nji noýabrda satuwa çykaryldy we bahasy 3500 dollara ýetýär. Deňeşdirmek üçin, Apple Watch Ultra 3-iň bahasy 800 dollardan başlaýar...