Habib MMA bilen baglanyşykly ähli zady taşlandygyny aýtdy

  • 23.10.2023 15:12
  • 38k+

UFC-niň öňki çempiony Habib Nurmagomedow MMA bilen baglanyşykly ähli zady taşlandygyny aýtdy.

«Kararymy doganlarymyň, dostlarymyň we türgen ýoldaşlarymyň kabul edişi ýaly kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Toparymyzyň gazananlary bu sportuň taryhynda hemişelik galar» diýip, türgen belledi.

Habib Nurmagomedow soňky söweşini 2020-nji ýylyň güýzünde amerikaly Jastin Getji bilen geçirdi we onda ýeňiş gazandy. Söweşden soň ol professional karýerasyny tamamlaýandygyny aýtdy. Ol muny ejesine kakasynyň ýoklugynda söweşmezlige söz berendigi bilen düşündirdi. Karýerasyny tamamlandan soň, Nurmagomedow «Eagle FC» promouşenini esaslandyrdy.
Türgen MMA-da 29 söweşe çykyp, olaryň ählisinde ýeňiş gazandy. 2021-nji ýylda «Jemgyýetçilik pikiri» gaznasy tarapyndan geçirilen pikir soraşmanyň netijesinde, Nurmagomedow sportda ýylyň şahsyýeti diýlip ykrar edildi.


18.06.2026 22:41
8k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......