The Rolling Stones 18 ýyldan soň ilkinji albomyny çykardy

  • 22.10.2023 09:09
  • 7.1k+

The Rolling Stones iňlis rok topary Hackney Diamonds atly täze studiýa albomyny çykardy. Bu rokerleriň 18 ýylyň içinde goýberen özboluşly aýdymlarynyň birinji ýygyndysy we deprekçi Çarli Watts ýogalandan soň ilkinji albomy boldy.

Bu albom 20-nji oktýabrda akym platformalarynda we fiziki maglumat saklaýjylarda elýeterli boldy. Ýazgyda ozal Jastin Biber, Post Malone, Ozzi Osborn we Iggi Pop bilen işleşen Endrýu Wattyň prodýusserlik eden 12 aýdymy bar.
Birnaçe aýdymyň ýazgysyny etmekde Pol MakKartniniň (Bite My Head Off), Elton Jonyň (Get Close и Live by the Sword), Ledi Gaganyň (Sweet Sounds of Heaven) ýardamyndan peýdalanyldy.
Variety neşiri ýazgyny "1981-nji ýylda çykan Tattoo You-den bäri toparyň iň gowy eseri" diýip atlandyrdy. Makalada: "Sazandalary iň ýokary derejä ýetip, golaýda deprekçisini ýitiren 80 ýyllyk taryhly rok toparynyň nähili bolmalydygyna düşünmegi, belki-de, iň täsir galdyryjy edermenlikdir" diýilýär.
Häzirki wagtda The Rolling Stones toparyna Mik Jagger, Kit Riçards, Ronni Wud we Bill Waýman girýär. Hackney Diamonds olaryň 31-nji studiýa albomydyr. Toparyň iň soňky “Blue and Lonesome” diski 2016-njy ýylda çykdy, ýöne onda diňe kawerler bar.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....