Louis Vuitton 47,1 müň dollara atyr toplumyny çykardy

  • 22.10.2023 09:07
  • 12k+

Lui Vuitton modalar öýi Myriad atly täze hoşboý ysly atyr toplumyny hödürledi. Bu barada L'Officiel habar berýär. Flacon neşiriniň habaryna görä, bir hoşboý ysyň bahasy 670 dollar. Toplum üçin 47,1 müň dollar tölemeli: ol Les Extraits kolleksiýasynyň alty sany atyryndan ybarat, olar toplumda brendiň gutusyna gaplanan.

Tapgyryň iň soňkusy Assam agajynyň notalaryny, bägüli, şafrany, kakaony, ak müşki we mohy tapyp bilersiňiz.
Hoşboý yslar öň Dior, Givenchy we Lancome bilen hyzmatdaşlyk eden müşkçi Žak Kawallýe Belletrud tarapyndan döredildi. Pritsker baýragynyň eýesi, arhitektor Frenk Geri çüýşäniň esasy aýratynlyklaryndan birine öwrülen “howaly” metal gapagynyň üstünde işledi.

“Taslama heýkeltaraşlyk nukdaýnazaryndan çemeleşmek, parfýumeriýa haýsydyr bir täzeligi getirmek isledim. Bu haýsydyr bir gutarnykly geometrik görnüş däl, bu diňe hereket. Gysga salymlyk wizual hereket "- diýip, Gehri çüýşäniň dizaýny barada aýtdy.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....