Türkmenistan guşakly göreş boýunça dünýä birijiliginde on medal aldy

  • 22.10.2023 08:15
  • 11k+

Türkmen türgenleri Täjigistanyň Hujand şäherinde geçirilen 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda guşakly göreş boýunça dünýä çempionatynda 10 medal - üç altyn, iki kümüş we bäş bürünç medal gazandy. Bu barada ýurduň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti habar berdi.

Altyn medallary Mekan Nurberdiýew (62 kilograma çenli), Baýramguly Muhammetgulyýew (100 kg çenli), Annagurban Allaberdiýew (100 kg çenli) gazandy.
Kümüş medallary Jumamyrat Gumalakow (68 kilograma çenli), Gurbanýaz Allamyradow (100 kg-dan ýokary) eýeledi.
Bürünç medallara: Zehin Meretalyýew (57 kg çenli), Sylap Baýrammämedow (62 kg çenli), Guwanç Hemraýew (75 kg çenli), Kerwen Baýramow (82 kg çenli), Annagurban Allaberdiýew (100 kg çenli) dagy mynasyp boldy.
Hujand şäherinde geçirilen dünýä çempionatyna 20 ýurtdan üç ýüzden gowrak türgen ýygnandy.


18.06.2026 14:40
4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
16k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......