Eplenýän ekranly ilkinji iPad 2024-nji ýylda çykar

  • 20.10.2023 10:39
  • 6.9k+

Apple, gürrüňlere görä, iPad boljak çeýe ekranly ilkinji gurluşyny hödürlemäge taýýarlanýar.

Bu innowasion planşet bazarda eýýäm 2024-nji ýylda peýda bolup biler diýip, ferra.ru ýazýar. Eplenýän ekranly Android gurluşlarynyň köpdügine garamazdan, olaryň smartfon bazaryndaky paýy 1%-den hem azdyr.
Eplenýän smartfony döretmegiň deregine, kompaniýa planşete üns bermek kararyna gelen bolmaly. Üpjünçilik zynjyryndaky çeşmeler Apple kompaniýasynyň eplenýän iPad-y işläp taýýarlamak üçin üpjün edijiler bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini we onuň kiçi tapgyrlaýyn önümçiliginiň 2024-nji ýylyň ahyrynda başlap biljekdigini  habar berýärler. Gurluşyň resmi anonsynyň hem şol wagt bolmagyna garaşylýar.
Häzirki wagtda planşetiň häsiýetli aýratynlyklary barada jikme-jik maglumatlar ýok. Onuň ölçeginiň hem nähili boljakdygy belli däl: ol götermek amatly bolar ýaly eplenip ýa-da işlemek üçin açylyp bilner.
Eplenýän Android gurluşlarynyň adaty gurluşlardan gymmat bolýandygyny göz öňünde tutmak bilen, onuň bahasy-da heniz näbelli bolup galýar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...