Samsung resmi taýdan Galaxy A05s smartfonyny hödürledi

  • 20.10.2023 10:27
  • 16k+

Samsung Galaxy A04s -iň ornuny tutýan Galaxy A05s smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Hindistanda täze önümiň bahasy 180 dollara barabar.

Galaxy A05s -iň diagonaly 6,7 dýuým we Full HD + durulygy bolan uly ekrany bar. Barmak yzy skaneri bar, ýöne ekranyň aşagynda däl, gapdalynda.
Öň kamerasy 13 megapiksel, esasy kamerasynda 50, 2 we 2 megapiksel durulykdaky datçikler bar. Apparat platformasy Snapdragon 680 SoC -e esaslanýar, programma üpjünçiligi platformasy Android 13 -e esaslanýan OneUI 5.1. Samsung iki sany uly Android täzelenmesini we şondan soň ýene iki ýyl howpsuzlyk täzelenmesini wada berýär.
Operatiw ýat gurluşynyň göwrümi 6 GB (fleş ýadynda wirtual bölüm döretmek arkaly ýene 6 GB köpeldip bolýar), fleş ýady - 128 GB. MicroSD kart ýeri göz öňünde tutulan. Batareýanyň kuwwaty 5000 mAh, 25 Wt zarýad bermegi goldaýar.


12.05.2026 14:43
7.8k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...