Ýaponiýada çagalar süýdi soňuna çenli içip gutarar ýaly çüýşelere komiksleri çekip başladylar

  • 20.10.2023 15:45
  • 17k+

Gifu prefekturasyndan «Seki Milk» ýapon süýt we süýt önümlerini öndüriji kärhana günortanlyk naharynda çagalary süýdi doly içip gutarmaga höweslendirmegiň adaty bolmadyk usulyny oýlap tapdy. Kärhana çüýşeleri manga komiskleri bilen bezäp başlady.

«Seki Milk-iň» statistiki maglumatlaryna görä, mekdep okuwçylarynyň köpüsi (takmynan 65%) günortanlyk naharynda süýt paýyny doly içip gutarmaýar, bu bolsa kalsiý we beýleki peýdaly maddalaryň ýetmezçiligine, gereksiz iýmit galyndylarynyň döremegine sebäp bolýar.
Şeýlelikde, kompaniýanyň wekilleri çagalary süýdi doly içip gutarmaga höweslendirmegiň özboluşly usulyny oýlap tapdylar – çüýşä ak reňk bilen komiksleri çekdiler, ol diňe çüýşäni boşadanyňdan soň görünýär.


18.06.2026 22:13
5.1k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

04.06.2026 11:45
2.4k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......