Türkmenistan we Nižniý Nowgorod işewür toparlarynyň duşuşygyny gurnar

  • 19.10.2023 16:27
  • 5.2k+

Russiýada Baş konsul Güýç Garaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Nižegorod sebitiniň hökümetiniň agzalary bilen duşuşdy. Bu barada “Wremýa N” habarlar agentligine salgylanyp, ORIENT habar berýär.

Taraplar maşyn gurluşygy, metallurgiýa, energetika we transport ýaly ugurlarda üstünlikli hyzmatdaşlygy bellediler. Medeni-bilim gatnaşyklaryna aýratyn üns berildi. Türkmenistan bilen Nižegorod sebiti bar bolan gatnaşyklary giňeltmäge taýýar.

“Biz senagat, infrastruktura we ylym-bilim potensialyny çekmek bilen özara hyzmatdaşlygymyzy giňeltmegiň zerurlygy baradaky umumy pikire geldik. Men şu günki duşuşygyň täze bilelikdäki taslamalary ösdürmek üçin örän gowy esas boljakdygyna ynanýaryn” – diýip, sebitiň gubernatorynyň orunbasary Andreý Sanosýan belledi.
“Nižniý Nowgorodyň ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistandan 600-den gowrak talyp okaýar. Olar “Arzamas gazy”, “Çkalowsk balyk tutmasy” ýaly birnäçe çärelere gatnaşyp, öz ýurduny görkezýärler, şeýle-de dürli olimpiadalarda, konferensiýalarda we bäsleşiklerde rus diline uly gyzyklanma bildirýärler” – diýip, Halkara we sebitara gatnaşyklar ministri Olga Gusewa Türkmenistan bilen bilim hyzmatdaşlygy barada gürrüň etmek bilen belledi.

Türkmen tarapy türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerinde tutanýerliligini görkezip, Türkmenistan bilen Nižegorod sebitiniň arasynda işewür toparlary alyşmagy meýilleşdirýändigini belledi.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......