Xiaomi täze ykjam operasiýa ulgamyny – HyperOS-y hödürledi

  • 19.10.2023 08:06
  • 4.9k+

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasynyň başlygy Leý Szýun täze ykjam operasiýa ulgamyny – HyperOS-y hödürledi. Top-menejer öz suratyny Weibo sosial ulgamynda Android üçin geljekki gabygyň açylyş ekrany bilen bilelikde çap etdi.

Kompaniýanyň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, HyperOS Xiaomi smartfonlaryny ösdürmegiň täze bölümine öwrüler. Operasiýa ulgamy 2017-nji ýyldan bäri işleýär we ilkinji gezek 27-nji oktýabrda çykarylmagy meýilleşdirilýän flagman Xiaomi 14-de bolar. Leý Szýun täze OS kompaniýanyň enjamlarynyň has durnukly we biri-biri bilen “has ysnyşykly” işlemegine mümkinçilik berjekdigini aýtdy.
HyperOS-yň jikme-jik tehniki aýratynlyklary entek belli däl. Şeýle hem, täze gabygyň häzirki enjamlardaky MIUI programma üpjünçiliginiň ornuny tutup biljekdigi ýa-da bilmejekdigi heniz belli däl - kompaniýanyň smartfonlary ony ykjam telefonlaryň tutuş taryhynda ulanýarlar.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...