“Örän täsin işler” filminiň ýyldyzy Milli Bobbi Braun ýylyň zenany boldy

  • 18.10.2023 18:34
  • 9.8k+

“Glamour” žurnaly ýylyň zenanlaryny yglan etdi – olar britaniýaly aktrisa Milli Bobbi Braun we amerikaly aktrisa Amerika Ferrera boldy. Olaryň ikisi bilen geçirilen söhbetdeşlik žurnalyň saýtynda ýerleşdirildi. Bu barada rbclife.ru habar berýär.

“Glamour ýylyň iki zenanyny – ABŞ-da, Germaniýada, Meksikada, Latyn Amerikasynda, Ispaniýada we Beýik Britaniýada Glamour tarapyndan hormatlanýan Milli Bobbi Brauny we Amerika Ferrerany hödürleýär” – diýlip, interwýunyň girişinde bellenilýär we beýleki gahrymanlaryň 1-nji noýabrda yglan ediljekdigi nygtalýar.

Milli Bobbi Braun bu ada 19 ýaşynda mynasyp boldy, ýöne bu rekord däl – 2019-njy ýylda ony şwesiýaly eko-aktiwist Greta Tunberg aldy. Dürli ýyllarda “Glamour” Jennifer Lopez, Salma Haýek, Britni Spirs, Kristina Agilera, Wiktoriýa Bekhem, Kaýli Minoug ýaly meşhur ýyldyzlary-da hormatlady. Ýöne soňky ýyllarda žurnal “ýylyň zenany” adyny birbada birnäçe ýyldyza berýär.
Ýaş aktrisa Milli Bobbi Braun 2016-njy ýylda Netflix-iň “Örän täsin işler” drama serialynda Onbir atly gyzyň keşbini ýerine ýetirip başlandan soň dünýä belli boldy. Bu keşbi üçin 13 ýaşly gyzjagaz ABŞ-nyň kinoaktýorlarynyň Gildiýasynyň baýragyna we drama serialynda ikinji plandaky iň gowy zenan keşbi üçin “Emmi” baýragyna dalaşgär görkezildi, şeýle-de kärdeşleri bilen bilelikde “Drama serialynda iň gowy aktýorlar düzümi” nominasiýasynda ABŞ-nyň kinoaktýorlarynyň Gildiýasynyň baýragynyň we “Teleserialda iň gowy ýaş aktýor ýa-da aktrisa keşbi” nominasiýasynda “Saturn” baýragynyň laureaty boldy.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....