“Oskar” baýragynyň eýesi Halkara Olimpiýa Komitetiniň agzasy boldy

  • 18.10.2023 12:49
  • 9.9k+

Ysraýylyň Milli Olimpiýa Komitetiniň (MOK) başlygy Ýael Arad we malaýziýaly aktrisa Mişel Ýeo Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) täze agzalary saýlandylar. Bu barada rsport.ria.ru habar berýär.

Guramanyň täze agzalarynyň saýlawlary HOK-nyň Mumbaýdaky 141-nji sessiýasynda geçirildi. Şeýle-de, HOK-nyň agzalary Halkara stol tennisi federasiýasynyň (ITTF) başlygy Petra Sýorling (Şwesiýa), Halkara konkide typýançylaryň birleşiginiň (ISU) prezidenti Kim Çže Ýel (Günorta Koreýa), Tunisiň MOK-nyň başlygy Mehrez Bussaen, Balaž Fýures (Wengriýa), öňki woleýbolçy Sesiliýa Taýt (Peru) we telekeçi Mihael Mrons (Germaniýa) boldy.
Ýeo 61 ýaşynda. Ol “Hemme zat hemme ýerde we birbada” filminde iň gowy zenan keşbi üçin 2023-nji ýylyň “Oskar” baýragynyň eýesidir.
Öňki dzýudoçy Arad 56 ýaşynda. Ol Ysraýylyň taryhynda ilkinji Olimpiýa medalynyň eýesi. 1992-nji ýylda Barselonada geçirilen oýunlarda Arad kümüş medala eýe boldy. Ol 2021-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri Ysraýylyň MOK-a ýolbaşçylyk edýär.


01.11.2025 09:51
2.5k+

HOK Saud Arabystanyndaky Kibersport Olimpiadasy-2027-ni ýatyrdy

Halkara Olimpiýa komiteti ilkinji Olimpiýa kibersport oýunlaryny gurnamak boýunça Saud Olimpiýa we Paralimpiýa komiteti (SOPC) bilen hyzmatdaşlygyň bes edilendigini mälim etdi diýip, Reuters habar berýär. Ýaryşlary 2027-nji ýylda Er-Riýadda geçirmek meýilleşdirilipdi...

24.06.2025 00:07
2.8k+

Kirsti Kowentri resmi taýdan Halkara Olimpiýa Komitetiniň prezidenti boldy

Kirsti Kowentri resmi taýdan Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) prezidenti wezipesine girişdi. Dabara duşenbe güni Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde geçirildi. 2013-nji ýyldan bäri gurama ýolbaşçylyk eden HOK-yň öňki prezidenti Tomas Bah öz ygtyýarlyklaryny oňa geçirdi...

11.04.2025 16:52
5.5k+

Olimpiada-2028-däki futbol ýaryşynda erkekler topary az, zenanlar topary köp bolar

Halkara Olimpiýa komiteti (HOK) Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiada-2028-e gatnaşjak futbol boýunça erkekler ýygyndylarynyň sanyny azaltdy. Bu barada HOK-yň sport direktory Kit Makkonnell habar berdi. Ýaryşda öňki...

24.03.2025 11:03
2.6k+

Boks Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna gaýdyp geldi

Boks 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň programmasyna resmi taýdan goşuldy. Çözgüt Halkara olimpiýa komitetiniň (HOK) Kosta-Nawarinoda (Gresiýa) geçirilen 144-nji sessiýasynda...