Katarly şeýh “Mançester Ýunaýtedi” satyn almakdan ýüz öwürdi

  • 17.10.2023 12:54
  • 10k+

Katarly şeýh Jasim ben Hamad Al-Tani Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” klubuny satyn almak baradaky teklibini yzyna gaýtarýar. Bu barada Associated Press agentligine salgylanyp, sport-interfax.ru ýazýar.

Şeýh 2005-nji ýyldan bäri kluba eýeçilik edýän Gleýzerler maşgalasyndan topary satyn almaga esasy dalaşgärleriň biri hasaplanýardy. Şeýle-de, kluby Ineos himiýa kompaniýasynyň başlygy Jim Retkliff we finlýandiýaly telekeçi Tomas Zilliakus satyn almak isleýär.
Çeşmeleriň maglumatlaryna görä, Al-Tani “Mançester Ýunaýted” üçin 3,2 mlrd dollar bolan bazar bahasyndan iki esse tölemäge taýýardy.
Şol bir wagtyň özünde, Sky Sports Retkliffiň klubuň 25%-i üçin 1,3 mlrd funt ($1,58 mlrd) töläp biljekdigini ýazýar.
Angliýanyň Premýer-ligasynyň häzirki möwsüminde “MÝ” sekiz oýunda dört ýeňiş gazanyp we dört ýeňlişe sezewar bolup, 10-njy orny eýeleýär. Topar şu möwsümde Çempionlar ligasynda “Bawariýa”, “Kopengagen” we “Galatasaraý” bilen bir toparda çykyş edýär. Häzire çenli ol “Galatasaraýdan” (2:3) we “Bawariýadan” (3:4) utuldy.
Toparyň eýesi Manchester United kompaniýasynyň kapitallaşdyrmasy ýylyň başyndan bäri 14% azaldy.


düýn 21:06
1.5k+

La Liga eminleriň işine baha bermek we olary bellemek üçin emeli aň ulanar

La Liga indiki möwsümden başlap, eminleriň işine baha bermek we oýunlara eminleri saýlap almak üçin emeli aň ulgamyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Madridde geçirilen ISDE Sports Convention 2026......

düýn 16:21
6.2k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

düýn 13:15
7.1k+

Bloomberg: Messi milliarder boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messiniň baýlygy 1 milliard dollardan geçdi. «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldudan ýedi aý soň «Bloomberg Billionaires Index» sanawyna girdi....

düýn 11:08
3.2k+

Meksikadaky stadionda Peläniň 9 metrlik heýkeli oturdyldy

2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň öň ýanynda, Meksikanyň Gwadalahara şäherindäki meşhur «Halisko» stadionynyň öňünde futbol şasy Peläniň boýy 9 metrlik bürünç heýkeli goýuldy....