Dünýäde iň köp satylan oýun belli boldy

  • 17.10.2023 12:50
  • 17k+

Mojang kompaniýasy Minecraft oýnunyň 300 mln nusga tiraž bilen satylandygyny habar berdi. Muny WindowsCentral portalyna salgylanyp, gazeta.ru ýetirýär.

Mojang-yň maglumatlaryna görä, oýun dürli platformalarda satylyp, 300 mln nusga belliginden geçdi. Bu onuň ýakyn bäsdeşi bolan Grand Theft Auto V oýnundan 115 mln nusga köpdür.
Soňky iki ýarym ýylda Minecraft-yň satuwy 26% ýokarlandy. Ýagny, 2021-nji ýylyň aprel aýynda Mojang oýnuň şol wagt 238 mln nusga bilen satylandygyny habar berdi. Şeýlelik bilen, häzire çenli oýnuň ýene 62 mln nusgasy satyldy.
Geljek ýyl Minecraft oýnuna 15 ýyl dolýar. Şu mynasybetli Mojang 2024-nji ýylyň dowamynda dürli çäreleri we täzelenmeleri geçirmegi meýilleşdirýär.
Minecraft – sandbox žanryndaky kompýuter oýny bolup, şwesiýaly programmist Markus Persson tarapyndan döredildi we onuň Mojang AB studiýasy tarapyndan çykaryldy. Ol ilkinji gezek 2009-njy ýylda hödürlendi. Bäş ýyldan soň Microsoft 2,5 mlrd dollara Mojang AB studiýasy bilen bilelikde Minecraft oýnuna hukuk satyn aldy.

düýn 20:25
4.4k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
5.5k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
3.9k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
1.9k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......