Bowers & Wilkins britan audiobrendi we McLaren bilelikde kolonka döretdiler

  • 17.10.2023 12:14
  • 7.4k+

«Bowers & Wilkins» britan audiotehnikalary öndüriji kompaniýa «McLaren Automotive» awtobrendi bilen bilelikde «McLaren Edition» ýazgyly «Zeppelin» seriýasyna degişli täze ses güýçlendiriji enjamy (kolonkany) hödürledi. Bu barada maglumat audiobrendiň resmi «X» (Twitter) hasabynda peýda boldy.

«McLaren Edition» «Zeppelin» seriýasyna degişli, ýöne özboluşly dizaýna eýe bolan nusgawy kolonkadyr. Täze enjamyň tapawutly aýratynlyklary «Papaya Orange» diýlip atlandyrylýan «McLaren» reňkine reňklenen direginiň, düwmeleriniň we arka paneliniň bolmagydyr. Beýleki daşky elementleriň hemmesi çal reňkdedir.
Kolonka bäş sany dinamik bilen üpjün edildi: iki dýuýmlyk ýokary ýygylykly twitter, diametri 3,5 dýuým bolan iki sany orta ýygylykly dinamik we bir alty dýuýmlyk sabwufer. Ses güýçlendirijiniň kuwwaty 240 Wt-a deňdir. «Bowers & Wilkins Zeppelin McLaren Edition-da» «Bluetooth 5.0» we «AirPlay 2» simsiz birikme standartlary bar, şeýle hem ol «aptX Adaptive», «AAC» we «SBC» kodeklerini goldaýar.
Kolonka eýýäm birnäçe ýurtda 899 dollar bahadan öňünden sargyt etmek üçin elýeterlidir.

düýn 20:25
4.4k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
5.5k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
3.9k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
1.9k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......