Aktýor Maýkl Keýn kinodan gidýändigini yglan etdi

  • 16.10.2023 18:34
  • 14k+

2023-nji ýylyň martynda 90 ýaşyny bellän britan aktýory Maýkl Keýn kinodan çekiljekdigini habar berdi. Ol «BBC» radiosyna beren täze söhbetdeşliginde: «Men pensiýa çykýaryn diýip hemişe aýdýaryn. Şeýlelikde, indi men gitdim» diýip, belledi.

2023-nji ýylda Keýniň gatnaşan soňky filmi – Oliwer Parkeriň «Uly gaçgak» filmi çykar. Onda Keýn goşunyň Normandiýa düşürilmeginiň ýubileýine gatnaşmak üçin garrylar öýünden gaçýan Ikinji jahan urşunyň weteranynyň keşbini janlandyrar.

«Men pikirlendim: meniň baş rollarda oýnan filmlerim boldy, olar ajaýyp teswirleri aldylar... Mundan öňe näme geçip biler? Indi maňa diňe 90 ýaşly adamlaryň keşpleri hödürlener. Belki, 85 ýaşly hem bolup biler» diýip, ol pikirlerini paýlaşdy.

Keýn baş rollaryň garry aktýorlara hödürlenmejekdigine düşünýär.
«90 ýaşly baş gahrymanlar ýok, ýaş we owadan oglan-gyzlar bar. Şol sebäpli men oýlandym we gitmeli diýen karara geldim» diýip, Keýn belledi. Ol «Uly gaçgak» filminden öň üç film teklibini ret edipdi.

düýn 20:25
4.4k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
5.5k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
3.9k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
1.9k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......