Xiaomi 14 Pro-nyň dizaýny mälim edildi

  • 15.10.2023 23:47
  • 14k+

Abraýly insaýder «OnLeaks» 91mobiles portaly bilen bilelikde ýakyn wagtda çykjak «Xiaomi 14 Pro» flagman smartfonynyň ýokary hilli render suratlaryny paýlaşdy.

Render suratlara görä, «Xiaomi 14 Pro» käbir ýerleri boýunça öňkülere meňzeş dizaýna eýe bolar, ýöne täzelenen we ulaldylan kamera bölümi, şeýle hem egri gyralary bolmadyk tekiz 2,5D ekrany bilen üpjün ediler. Mundan başga-da, smartfon «Xiaomi 13 Pro-dan» birneme galyň görünýär.
Çeşmä görä, «Xiaomi 14 Pro-nyň» ölçegleri 161,6x75,3x 8,7mm, kamera bölüminiň beýikligi bolsa 13,1 mm bolar.
Bellenilmegine görä, adaty «Xiaomi 14» we «Xiaomi 14 Pro» flagmany 27-nji oktýabrda – «Snapdragon 8 Gen 3» çipiniň tanyşdyryljak «Qualcomm» maslahaty tamamlanandan bir gün soň hödürlener. Şeýlelik bilen, «Xiaomi» täze flagman çipsetiniň esasynda işleýän enjamlaryny tanyşdyran ilkinji öndüriji bolmagy maksat edinýär.
Şeýle hem smartfon galyňlygy bary-ýogy 1 mm bolan iň inçe çarçuwaly ekrana eýedir. Deňeşdirse, «iPhone 15 Pro-nyň» çarçuwasynyň galyňlygy 1,5 mm-dir.
«Xiaomi 14-iň» global wersiýalarynyň 2024-nji ýylyň başyndan soň tanyşdyrylmagyna garaşylýar.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...