Samsung-yň heniz tanyşdyrylmadyk flagmany özüniň rekord derejede kuwwatlydygyny subut etdi

  • 15.10.2023 23:37
  • 14k+

Heniz tanyşdyrylmadyk «Samsung Galaxy S24 Ultra» flagmany smartfonyň ilkinji netijesini hasaba alan «Geekbench» bençmarkynda (görkezijiler sanawynda) peýda boldy. Bu barada «GizmoChina» habar berýär.

«Geekbench-iň» maglumatlar bazasynda smartfonyň 2023-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda tanyşdyryljak iň täze «Snapdragon 8 Gen 3» prosessory bilen üpjün ediljekdigi mälim boldy. Çipde sekiz ýadro bolar: biri 3,3 GGs takt ýygylygy bolan «Cortex-X4» ýadrosy, 3,15 GGs takt ýygylygy bolan üç sany «Cortex-A720» ýadrosy, 2,96 GGs takt ýygylygy bolan iki sany «Cortex-A720» ýadrosy we 2.27 GGs takt ýygylygy bolan iki sany «Cortex-A520» ýadrosy.
«Geekbench-de» «Samsung Galaxy S24 Ultra» smartfony bir ýadroly we köp ýadroly režimlerinde, degişlilikde, 2234 ball we 6807 ball toplady. Deňeşdirsek: «Snapdragon 8 Gen 2» bilen işleýän häzirki «Galaxy S23 Ultra» bir ýadroly režiminde 1895 ball, köp ýadroly režiminde bolsa 5062 ball toplapdy.
Bellenilmegine görä, «Samsung» «Galaxy S24 Ultra-nyň» «Exynos 2400» prosessorly wersiýasyny hem taýýarlaýar. Onuň öndürijilik mümkinçilikleri barada heniz maglumat ýok.
«Samsung Galaxy S24 Ultra-nyň» tanyşdyrylyş dabarasy 2024-nji ýylyň başynda bolar.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...