2028-nji ýylda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna bäş sany täze sport görnüşi goşuldy

  • 15.10.2023 15:28
  • 6.8k+

Halkara Olimpiýa komitetiniň Ýerine ýetiriji komiteti flag-futbolyň, kriketiň, lakrossyň, skwoşyň we beýsbolyň/sofbolyň 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşulýandygyny tassyklady.

«Teklip edilýän bu bäş sport görnüşi Amerikanyň sport medeniýetine doly laýyk gelýär we meşhur amerikan sport görnüşlerini dünýä tanadar. Olaryň goşulmagy Olimpiýa hereketiniň ABŞ-daky we bütin dünýädäki türgenleriň hem-de janköýerleriň täze jemgyýetleri bilen hyzmatdaşlyk etmegine mümkinçilik berer. Şol bir wagtyň özünde, halkara sport görnüşleri hem Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna geler» Halkara Olimpiýa komitetiniň Mumbaý şäherinde geçirilen mejlisinde bellenilip geçildi.

2022-nji ýylyň fewral aýynda Halkara Olimpiýa komiteti 2028-nji ýyldaky Tomusky oýunlaryň deslapky maksatnamasyna 28 sport görnüşini goşdy. Oýunlaryň ahyrky maksatnamasy we goşmaça sport görnüşlerindäki kwotalaryň sany soň kesgitlener.
Los-Anjelesde Olimpiýa oýunlary 2028-nji ýylyň 14 – 30-njy iýuly aralygynda geçiriler.


düýn 20:10
6.3k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

06.05.2026 23:46
2k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....