Xiaomi 14 flagman smartfonlary 27-nji oktýabrda tanyşdyrylar

  • 15.10.2023 15:24
  • 6.6k+

«Xiaomi» «Qualcomm» maslahatynyň yzyzsüre flagman smartfonlarynyň indiki neslini tanyşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Hytaýyň ITHome portaly habar berýär.

«Xiaomi» «Snapdragon 8 Gen 3» çipi esasynda işleýän täze enjamlary yglan eden ilkinji öndüriji bolmak isleýär. Munuň üçin «Xiaomi» 27-nji oktýabrda, çipleriň täze nesli tanyşdyryljak «Qualcomm» maslahaty tamamlanandan bir gün soň özüniň täze önümlerini görkezer. Şeýlelikde, «Xiaomi 14» we «14 Pro» geçen ýylkydan bir aý çemesi öň tanyşdyrylar.
«Xiaomi-niň» flagman smartfonlary täzelenen dizaýn, «Leica» kameralary we Android 14 esasly öňünden gurlan «MIUI 15» programma üpjünçiligi bilen üpjün edilýär. Käbir maglumatlara görä, «Xiaomi 14 Pro» titan çarçuwasy hem-de hemra aragatnaşygy üçin goldaw ulgamy bilen üpjün ediler. Şeýle-de uly wersiýanyň bazardaky iň dar çarçuwaly ekran bilen üpjün ediljekdigi, onuň galyňlygynyň bary-ýogy 1 mm boljakdygy habar berilýär. Bu görkezijä görä, hytaý enjamy çarçuwalarynyň galyňlygy 1,55 mm bolan «iPhone 15 Pro-dan» öňe geçer.
27-nji oktýabrda «Xiaomi 14» we «14 Pro-nyň» hytaý görnüşleriniň tanyşdyrylyş dabarasyna garaşylýar. Global modeller bazara 2024-nji ýylda çykarylyp biler.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...