Saparmyrat Atabaýew Eýranda küşt boýunça halkara ýaryşynda ýeňiji boldy

  • 15.10.2023 14:21
  • 11k+

Türkmenistanly küştçi, halkara derejeli ussat Saparmyrat Atabaýew Eýranda Ahwaz şäherinde 5-11-nji oktýabr aralygynda geçirilen 1st Neyshekar halkara ýaryşynda uly arany açyp, ýeňiş gazandy.

Mümkin bolan 9-dan 7,5 utuk toplap, Saparmyrat iň golaýdaky bäsdeşi — eýranly halkara grossmeýster Masud Musadehpurdan 2 utuk öňe geçdi.
Şeýle hem Saparmyrat grossmeýsterlik normasyny ýerine ýetirdi we FIDE-niň reýting sanawynda türkmen küştçüleriniň arasynda birinji orna çykdy. Onuň 2477 utugy bar.
Saparmyradyň uly dogany halkara derejeli grossmeýster Maksat Atabaýew bu ýaryşda 4,5 utuk toplap, goşmaça görkezijiler babatda 4-nji orny eýeledi.
Indi Saparmyrat şu ýylyň ahyrynda geçiriljek çalt küşt we blis-küşt boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görer. Bu ýaryşa dünýäniň iň güýçli küştçüleri, şol sanda dünýä reýtinginiň birinji belgisi Magnus Karlsen hem gatnaşar.


21.04.2026 20:58
5.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.8k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....

03.04.2026 19:30
4k+

Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynyň täze möwsümine badalga berilýär

2026-njy ýylyň 4-nji aprelinde futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň täze möwsümi resmi taýdan başlanýar. Nobatdaky çempionatda sekiz topar — «Arkadag», «Ahal», «Altyn Asyr», «Şagadam», «Nebitçi»,......