Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

  • 15.04.2026 07:29
  • 6.9k+

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi.

Bişkekde geçirilen yklym ýaryşy 17 ýurtdan 120-den gowrak türgeni bir ýere jemledi.

Medala barýan ýolda Begenjow öz çykyşyna Mongoliýanyň wekili Býambadorž Bat Erdenäni 10:0 hasaby bilen ynamly ýeňmekden başlady. Çärýek final tutluşygynda türkmen türgeni Täjigistandan gelen Bahodur Kodirowy hem şol hasap bilen möhletinden öň ýeňdi.

Begenjow ýarym finalda eýranly pälwan Kamran Gorban Gasempurdan ýeňildi (0:11). Eýranly türgen bolsa finalda hindistanly Mukul Dahiýany ýeňip, Aziýanyň çempiony boldy.

Üçünji orun ugrundaky aýgytly tutluşykda Alp Arslan Begenjow Ýaponiýanyň wekili Ýudai Takahaşi bilen duşuşdy we 10:5 hasaby bilen ýeňiş gazandy.


18.06.2026 14:40
4.3k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......