Planetanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy smartfon ulanýar

  • 14.10.2023 17:28
  • 13k+

Ykjam aragatnaşyk operatorlarynyň assosiasiýasy GSMA ykjam internetiň ýagdaýy baradaky ýyllyk hasabatynda dünýäde smartfon eýeleriniň sanynyň 4,3 mlrd adama ýetendigini habar berdi. Bu Ýer ýüzüniň ýaşaýjylarynyň, takmynan, 55%-ine deňdir diýip, gazeta.ru belleýär.

Gözleglere laýyklykda, 4,6 mlrd adam internet ulanyjylary bolup, olardan 4 mlrd adam internet toruna smartfonlaryň kömegi bilen birigýär. Galan 600 mln adam internete çykmak üçin adaty telefonlary ulanýar.
Şeýle-de bolsa, Ýeriň ilatynyň 92%-iniň öýjükli aragatnaşyk örtügi bolan zolaklarda ýaşaýandygyna garamazdan, takmynan, 3,4 mlrd adamyň henizem internete elýeterliligi ýok. Internete girip bilmeýän adamlaryň arasynda Gara Afrikanyň 59% ilaty we Günorta Aziýanyň 52% ilaty görkezilýär.
Şeýle-de, sebite baglylykda internete birikmegiň hilinde we tizliginde-de ep-esli tapawutlar bar. Mysal üçin, ABŞ-da, Ýuwaş umman sebitinde we Gündogar Aziýada smartfon ulanyjylaryň 69%-i 4G toruna birigýär, Afrikada we Ýakyn Gündogar ýurtlarynda bolsa ulanyjylaryň köpüsi häzirki günde könelişen üçünji nesliň torlaryndan peýdalanýarlar.

düýn 20:25
4.4k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
5.5k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
3.9k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
1.9k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......