Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde berilýän sadaka gatnaşdy

  • 14.10.2023 08:17
  • 19k+

13-nji oktýabrda Arkadag şäheriniň “Märkaw” myhmanhanasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda sadaka berildi. Ol Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Karary esasynda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň tutumly gurluşyklarynyň başlanmagyna ak pata bermäge, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlarymyzy ýatlap, olaryň ruhuna aýat-töwirleriň okalmagyna, şeýle hem Owganystanda ýakynda bolup geçen ýertitremede wepat bolanlary hatyralamaga bagyşlandy.

Bu gün Gahryman Serdarymyzyň Karary esasynda bu ýerde tutumly gurluşyklaryň başlanmagyna ak pata berýäris diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady. Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, Berkarar döwletimizde gadymy däp-dessurlarymyzyň dowam etdirilýändigini, tutumly işlere başlananda, öten-geçenleri ýatlamagyň, olaryň ruhuna sadaka bermegiň hem gadymdan gelýän milli dessurymyzdygyny nygtady.
Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň «Toý bilen ýas bile geler» diýen atalar sözüni mysal getirip, ýakynda ýurdumyzda Hatyra gününiň bellenilendigine ünsi çekdi. Şol gün 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, şeýle hem ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar ýatlanyldy. Biz bu günki sadakamyzda-da olary ýatlap, olaryň ruhuna aýat-töwirleri okarys. Goý, ähli öten-geçenlerimiziň ruhlary şat, jaýlary jennet bolsun! diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň «Boljak işe çäre ýok» diýen gadymdan gelýän sözüni belläp geçip, geçen ýekşenbe güni goňşy we doganlyk ýurt bolan Owganystanda hem ýertitreme bolup geçendigini nygtady.

Gynansak-da, ol köp sanly adam pidalaryna, weýrançylyklara getirdi. Biz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna ähli halkymyzyň adyndan çuňňur gynanjymyzy beýan edýäris. Gudraty Güýçli Allatagala ýer astynda galan şehitlere iman baýlygyny berip, olaryň ruhlaryny şat etsin! Ejir çekenleriň hem gysga wagtda sagalmaklaryny dileýäris diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri päk niýetlerini beýan etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şu gün hem türkmençilik däbimize eýerip, mukaddes anna gününde ýakyn goňşuçylygyň, doganlyk gatnaşyklarymyzyň hormatyna Owganystandaky ýertitremede wepat bolanlary hem hatyralap, olaryň ruhuna aýat-töwir edilýändigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni jemläp, bu gün şu ýerde sadaka bermegiň düýp sebäpleriniň şulardan ybaratdygyny nygtady hem-de “Goý, berýän sadakalarymyz kabul bolsun! Ýer ýüzünde hemişe abadançylyk, parahatçylyk bolsun!” diýip, arzuw-dileglerini beýan etdi.
Soňra Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykdy. Däbe görä, sadaka gatnaşyjylara dürli milli naharlar çekildi.
Sadaka tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylar Gökdepe metjidine ugradylar. Bu ýere ýygnananlar namaza durmazdan ozal, metjitde goýlan mukaddesliklere tagzym etdiler.
Soňra bu mukaddes toprakda bina edilen metjitde juma namazy okaldy.


şu gün 08:12
1k+

Türkmenistanyň Ilçisi Moldowa Respublikasynyň DIM-iniň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

28-nji aprelde Kişinýewde iş sapary bilen bolan Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Ilçisi T.Ataýew (oturýan ýeri Kiýew şäheri) Moldowanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary S.Mihow we......

şu gün 07:36
616

Müsür Arap Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

28-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Hamdy Şaaban Abdelhalim......

düýn 22:49
1.3k+

Türkmen wekiliýeti Barselonada BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 27-29-njy apreli aralygynda Barselonada geçirilýän döwlet-hususy hyzmatdaşlygy boýunça 10-njy Halkara forumyna gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

düýn 15:24
8.4k+

Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi öz işine başlady

Şu gün Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň we Hytaýyň strategik hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezýän işewürler forumy hem-de halkara sergi öz işine başlady.......