Selfi üçin iň gowy smartfon saýlandy

  • 13.10.2023 17:04
  • 18k+

DxOMArk saýtynyň synaglarynyň netijesine görä, iPhone 15 Pro Max frontal kameranyň hili boýunça dünýäde iň gowy smartfon boldy.

iPhone 15 Pro Max 114 bal ýygnap, özüniň ýakyn bäsdeşi bolan iPhone 14 Pro-dan dört bal öňe geçdi. Bu smartfonyň ikisiniňem 12 Mp durulykly we f/1.9 diafragmaly birmeňzeş frontal kamera bilen enjamlaşdyrylandygyny göz öňünde tutsaň, uly tapawutdyr diýip, gazeta.ru belleýär.
Saýtyň hünärmenleriniň pikiriçe, iPhone 15 Pro Max gündizine ýokary derejeli durnuklylyk bilen surata düşürilende örän gowy netije berýär hem-de gowy ýitilik çuňlugyny üpjün edýär. Mundan başga-da, smartfonyň frontal kamerasy ýokary hilli durnuklaşdyryş ulgamyna eýe boldy.
Şeýle-de bolsa, smartfonyň kemçilikleri bar: käwagt surata düşürmelerde artefaktlar göze ilýär, şeýle-de hereketde wideo düşürilende kadrlaryň ýitiliginde tapawutlar bar. Hünärmenler ähli surata düşürme şertlerinde sanly galmagalyň bardygyny-da bellediler, ýöne bu ahyrky netijä täsir etmedi.
iPhone 15 Pro Max – 2023-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda hödürlenen Apple-iň flagman smartfony. Ol 1,2 müň dollar baha bilen satuwa çykaryldy.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...