Dünýädäki iň kuwwatly Android smartfonlary belli boldy

  • 13.10.2023 16:59
  • 13k+

AnTuTu bençmarkynyň işläp düzüjileri sentýabr aýy üçin Android smartfonlarynyň öndürijilik derejesi boýunça halkara reýtingi hödürlediler. Sanawda birinji orny 1,63 mln bal alan Nubia Red Magic 8 Pro+ geýmer smartfony eýeledi. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

Smartfon reýtingiň beýleki ýedi smartfony ýaly Snapdragon 8 Gen 2 flagman çibi bilen üpjün edildi. Onuň yzyndan Asus ROG Phone 7 (1,6 mln) we Xiaomi 13 (1,55 mln) gelýär. Şol bir wagtyň özünde Xiaomi 13 Pro 1,54 mln bal ýygnap, dördünji orny eýeledi.
Bäşinji we altynjy orunlary Samsung Galaxy S23+ (1,52 mln) bilen S23 Ultra (1,52 mln) paýlaşdy. AnTuTu-da 1,47 mln bal ýygnan MediaTek Dimensity 9200+ çipsetli Redmi K60 Ultra flagmany ýedinji orny eýeledi.
Ilkinji onlugy Samsung Galaxy S23 (1,47 mln), One Plus 11 (1,44 mln) we Lenovo Legion Y70 (1,34 mln) smartfonlary jemleýär.
AnTuTu bençmarkynyň global we Hytaýyň bazary üçin reýtingi düýpgöter tapawutlanýar, sebäbi käbir smartfonlar diňe HHR üçin eksklýuziw bolup, halkara bazara çykmaýar.

düýn 20:25
4.4k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
5.5k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
3.9k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
1.9k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......