Dünýäde iň köp satylýan 10 smartfon saýlandy

  • 13.10.2023 17:26
  • 25k+

Counterpoint gözleg kompaniýasy dünýäde iň köp satylýan 10 smartfony saýlady. Geň ýeri, bu sanawda Apple we Samsung modellerinden başga smartfon modelleri ýok diýip, gazeta.ru belleýär.

Şeýlelikde, Apple smartfonlary ilkinji dört orny eýeleýär. Dünýäde iň köp satylýan modeller iPhone 14, iPhone 14 Pro Max, iPhone 14 Pro we iPhone 13 boldy. Samsung smartfonlary bolsa galan orunlary şeýle tertipde eýelediler: Galaxy A14, Galaxy A54, Galaxy A14 5G, Galaxy S23 Ultra, Galaxy A04e we Galaxy A34.
Counterpoint Apple-iň iPhone Pro seriýaly modelleriniň bazar paýynyň Aziýada we Ýewropada ep-esli artandygyny, Samsung-yň A seriýasynyň bolsa Aziýada we Latyn Amerikasynda özüni gowy görkezendigini belleýär.
2023-nji ýylyň ikinji çärýeginde bu iki sebitde satylan smartfonlaryň ilkinji onlugynda Samsung A seriýasynyň paýy tas 60% boldy. Şeýle-de bolsa, käbir insaýderler Huawei Mate 60 we beýleki seriýaly smartfonlaryň çykmagy bilen bu sanawyň geljekde üýtgäp biljekdigini bellediler.


16.05.2026 11:20
4k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

12.05.2026 14:43
7.8k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....