ABŞ-nyň salgyt gullugy Microsoft-dan 29 milliard dollar möçberde tölenmedik salgydyny talap etdi

  • 13.10.2023 15:56
  • 5.7k+

«Microsoft» kompaniýasy ABŞ-nyň Salgyt müdirliginiň 29 milliard dollar möçberde tölenmedik salgydyny ondan talap edendigini habar berdi. Bu barada kompaniýanyň onuň salgydyny tölemändigini tassyklaýan edara ýazan arzasynda beýan edilýär.

«Microsoft» teklip edilýän düzediş bilen razylaşmaýar we Salgyt müdirligine ýüz tutar. Bu prosesiň birnäçe ýyl dowam etmegine garaşylýar. Biz Salgyt müdirliginiň düzgünlerini üns bilen ýerine ýetirendigimize we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, şeýle hem dünýäniň beýleki ýurtlarynda-da talap edilýän salgytlary töländigimize ynanýarys» diýlip, kompaniýanyň arzasynda bellenilýär.
Jedel «Microsoft-yň» 2004 – 2013-nji ýyllar aralygynda dürli ýurtlarda we ýurisdiksiýalarda alan girdejilerine salgyt salynmagy bilen baglanyşykly. Kompaniýa Salgyt müdirliginiň ýetmeýän salgydyň öwezini dolmak talabynda kompaniýanyň ozal tölän 10 milliard dollaryny göz öňünde tutmaýandygyny öňe sürýär.


düýn 09:33
7.5k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
5.9k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

09.06.2026 08:03
16k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....

04.06.2026 23:16
5.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......