Guramaçylar 2028-nji ýylyň Olimpiýa maksatnamasyna bäş sany täze sport görnüşini goşmagy teklip etdiler

  • 13.10.2023 09:02
  • 6k+

Los-Anželesde geçiriljek 2028-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti ýaryşyň maksatnamasyna sportuň bäş görnüşini goşmagy teklip etdi. Bu barada guramaçylyk komitetiniň resmi web sahypasynda habar berildi.

Guramaçylar Olimpiýa oýunlaryna softbol bilen birlikde baýdak-futboly, kriketi, lakrossy, skwoşy we beýsbol ýaly oýunlary girizmegi teklip etdiler. Täze sport görnüşlerini girizmek baradaky karary Halkara Olimpiýa komiteti (IOC) tassyklar. Ses berişlik 15-17-nji oktýabr aralygynda Hindistanda geçiriljek Halkara olimpiýa komitetiniň indiki mejlisinde bolar.

"Sportuň teklip edilýän görnüşleri oýun meýdançasynda ajaýyp hyýallara atarýar we medeniýeti öňe sürýär. Olar möhüm orny eýeleýär, innowasiýa häsiýetli we jemgyýetçilige gönükdirilen hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hemme ýerinde köçede, mekdep howlularynda, jemgyýetçilik merkezlerinde, stadionlarda we seýilgählerde, bütin dünýäde oýnalýar – diýip, Olimpiýadanyň guramaçylyk komitetiniň başlygy Keýsi Wasserman belledi. – Bu görnüşler Oýunlara täze türgenleri getirer, dürli janköýerleri özüne çeker we Olimpiýa oýunlarynyň sanly giňişlikdäki gatnaşygyny giňelder, Olimpiýa oýunlarynyň Los-Anželesdäki deňsiz-taýsyz täsirleriniň wezipesini hasam güýçlendirer".

2022-nji ýylyň fewral aýynda Halkara olimpiýa komiteti Los-Anželesde geçiriljek 2028-nji ýylyň Tomusky oýunlarynyň deslapky meýilnamasyna suw sporty, ýaýdan ok atmak, ýeňil atletika, badminton, basketbol, tigir sürmek, atçylyk, gylyşlaşmak, futbol, golf, sport gimnastikasy, çeper gimnastika, gandbol, dzýudo, küreklemek, regbi-7, ýelkenli sport, atyş, skeýtbording, dyrmaşmak, serfing, stol tennisi, taekwondo, tennis, triatlon, woleýbol we göreş ot üstündäki hokkeý ýaly sportuň 28 görnüşini goşdy.


düýn 20:10
6.3k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

06.05.2026 23:46
2k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....