Aşgabatda Abu Aly ibn Sina bagyşlanan halkara ylmy forum geçirildi

  • 12.10.2023 08:42
  • 3.5k+

11-nji oktýabrda Aşggabatda “Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleri hem-de Ylymlar akademiýasy tarapyndan bilelikde guralan forum Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlandy.

Halkara ylmy gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle-de Abu Aly ibn Sinanyň köpugurly mirasyny wagyz etmäge gönükdirilen maslahat utgaşykly görnüşde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçirildi.
Alym, akyldar, lukman, tebigaty öwreniji, saz nazaryýetçisi, matematik we psiholog, dermanlary öwreniji, astronom, şahyr Abu Aly Hüseýin ibn Abdulla ibn Aly ibn Hasan ibn Sina X-XI asyryň beýik şahsyýetleriniň biridir. Günbatar döwletlerinde ol Awisenna ady bilen giňden tanalýar. Haçan-da onuň ady tutulanda, bilimleriň baý dünýäsine eýe bolan we şolaryň ählisini 29 ylmy ugur boýunça 450 kitapda beýan eden meşhur ensiklopediýaçy alymyň keşbi göz öňüňde janlanýar.
Abu Aly ibn Sinanyň ömri türkmen halkynyň taryhy bilen berk baglanyşyklydyr. Ömrüniň 12 ýylyny Gündogaryň ylym merkezleri hökmünde giňden tanalan Ürgenç, Merw, Bawert, Nusaý şäherlerinde geçiren alym özüniň ýiti zehini, paýhasy, tejribesi, binýat goýujy nazaryýetleri bilen ylmy açyşlary edip, gaýtalanmajak eserleri döredip geljek nesillere uly miras galdyrypdyr. Ibn Sinanyň öz döwrüniň ylym kerweniniň başyny çeken beýik şahsyýetler — taryhçy, astronom, geodezik Abu Reýhan Biruny, filosof, lukman we matematik Abul-Haýr Hammar, meşhur pir we şahyr Abusagyt Abylhaýyr — Mäne baba bilen halypa-şägirtlik we ussatlyk gatnaşyklary, bu akyldarlaryň ylmyň baýlaşmagyna goşan goşantlary halkymyz üçin aýratyn buýsançlydyr.
Umumy mejlisde çykyş edenler Abu Aly ibn Sinanyň ylymda gazanan üstünliklerine, häzirki zaman lukmançylyk ylmyna goşandyna ünsi çekdiler, şeýle hem alymyň keselleriň öňüni almakda, bejermekde aýdan parasatly sözlerini beýan etdiler.
Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow, Birleşen Arap Emirlikleriniň Al-Kasimiýýah uniwersitetiniň rektory Awad Al-Halaf, Russiýa Federasiýasyndan Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň prorektory, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Larisa Udoçkina, Türkiýe Respublikasyndan Uludag uniwersitetiniň professory, ylymlaryň doktory Hidaýet Peker, Özbegistan Respublikasynyň Lukmançylyk işgärleriniň hünär kämilleşdiriş merkeziniň professory Urazmat Jumatow, Türkiýe Respublikasynyň Biruny uniwersitetiniň professory Nezih Hekim, Stambul uniwersitetinden, weterinariýa lukmançylygynyň doktory, professor Serkan Ikiz dagylar Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň gymmatly mirasy, lukmançylyk ylmynda gazanan üstünlikleri, häzirki zaman lukmançylyk biliminde Awisennanyň orny, beýik akyldaryň eserleriniň pelsepe aýratynlyklary ýaly köpugurly mowzuklar boýunça çykyş etdiler. Çykyşlarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň, lukmançylyk ylmynyň kämilleşdirilişi, halkara derejede ykrar edilýän lukmançylyk diplomatiýasynyň üstünlikleri-de beýan edildi.
Daşary ýurtly myhmanlar türkmen alymlary bilen dünýä lukmançylyk ylmynyň taryhynda öçmejek yz galdyran Abu Aly ibn Sinanyň şahsyýetini, ylmy-döredijilik, lukmançylyk mirasyny, beýik akyldaryň ýaşan zamanasynyň syýasy-jemgyýetçilik ýagdaýlaryny, onuň dünýä halklarynyň jemgyýetçilik durmuşynda tutýan ornuny, köpöwüşginli dünýewi häsiýetli ynsanperwer garaýyşlaryny, lukmançylyk ýörelgelerini öwrenmek boýunça pikir alyşdylar.
Halkara ylmy maslahata ýurdumyzyň alymlary, professor-mugallymlary, ýaş alymlar, şeýle-de daşary ýurtlardan myhmanlar — Russiýadan, Germaniýadan, Azerbaýjandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Ermenistandan we beýleki döwletlerden alymlar sanly ulgam arkaly işjeň gatnaşdylar. Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň çykyşlarynda ýokary hünär derejeli, ruhy-medeni gymmatlyklary doly ele alan, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen şahsyýeti kemala getirmegiň häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň möhüm wezipeleriniň biridigi nygtaldy. Şeýle şahsyýetlere Awisenna hem gürrüňsiz degişlidir. Ol lukmanyň esasy häsiýetleriniň nähili bolmalydygy barada aýdyp geçipdir.
Ylmy maslahat öz işini Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde we Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirilen üç bölümde dowam etdi. “Alym Arkadagymyzyň lukmançylyk taglymaty we Abu Aly ibn Sinanyň ylmy mirasy” diýlip atlandyrylan birinji bölüm alymyň fiziki işjeňlikdäki ylmy mirasy: subutnamalara esaslanýan lukmançylygyň gazananlary we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň teklipleri bilen meňzeşlikler, ýokanç kesellere garşy göreş, Türkmenistanyň dermanlyk florasynyň birnäçe möhüm wekillerini etnobotaniki ylmy jähetden öwrenmek ýaly beýleki ugurlary öz içine aldy.
Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar forumyň netijeli işine gönükdirilen ähli zerur şertleriň döredilendigi hem-de hemmetaraplaýyn goldawy üçin çuňňur hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.


06.03.2026 17:29
5.5k+

HNGU-nyň talyp gyzy kükürtden boýag serişdesini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Maral Gullyýewa adaty kükürtden boýag serişdelerini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi. Bu oýlap tapyş Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan bellige alyndy...

28.02.2026 13:00
3.5k+

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň barlaghanalary halkara akkreditasiýadan geçiriler

Türkmenistanda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň synag barlaghanalaryny halkara akkreditasiýadan tapgyrlaýyn geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H...

17.02.2026 13:06
836

Apple mart aýynyň başynda «ýörite» Apple Experience çäresini geçirer

Apple kompaniýasy 2026-njy ýylyň 4-nji martynda ýörite Apple Experience çäresiniň  geçiriljekdigini yglan etdi. Ol Aşgabat wagty bilen sagat 19:00 meýilleşdirildi. 9to5Mac neşiriniň belleýşi ýaly, kompaniýa çäräniň resmi tertibini häzirlikçe açyp görkezmedi...

15.02.2026 08:43
3.1k+

Alymlar: kitap okamak we dil öwrenmek demensiýa töwekgelçiligini 40% peseldýär

Çikagodaky Raş uniwersitetiniň Lukmançylyk merkeziniň alymlary ömrüň dowamynda yzygiderli akyl işjeňligini saklamak demensiýa töwekgelçiligini ep-esli peseldip, hatda onuň ýüze çykmasyny yza-da tesdirip bilýär diýen netijä geldiler diýip, The Guardian neşiri habar berýär...