Xiaomi 14 smartfonynyň çykjak senesi mälim edildi

  • 12.10.2023 08:16
  • 5.3k+

«Xiaomi Group China» kompaniýasynyň prezidenti we «Redmi-niň» baş direktory Lu Weýbing «Weibo» sosial ulgamyndaky sahypasynda oktýabr aýynda kompaniýanyň flagmanlarynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň boljakdygyna yşarat etdi. Bu barada MyDrivers portaly habar berýär.

Weýbing: «Oktýabr örän gyzykly bolar» diýen ýazgyny paýlaşdy. Sosial ulgamy ulanyjylar we hytaý metbugaty bu ýazgyny «Xiaomi 14» nesline degişli flagman smartfonlarynyň ýakyn wagtda tanyşdyryljakdygy hakynda tizer diýip kabul etdiler.
Maglumatlara görä, enjamlar täze «Snapdragon 8 Gen 3» çipi tanyşdyryljak «Qualcomm» maslahatyndan soň tiz wagtda hödürlenmeli. Bu çäre 24 – 26-njy oktýabr aralygynda geçiriler.
«Xiaomi 14» we «14 Pro» «Qualcomm-yň» täze platformasynda döredilen ilkinji smartfon bolar diýlip çaklanylýar. Täze «Xiaomi» flagmanlarynyň iň inçe çarçuwaly ekrana eýe boljakdygy, onuň galyňlygynyň bary-ýogy 1 mm boljakdygy mälimdir.
Şeýle hem smartfonlarda üç sany 50 megapikselli kamera ornaşdyrylar. «Pro» wersiýasyndaky datçikleriň biri «iPhone 15 Pro Max» ýaly 5 esse optiki zum mümkinçiligi bolan teleobýektiw bolar. Esasy model, 3,9 esse ýakynlaşdyrmak ukyby bolan teleobýektiw bilen üpjün ediler.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...