iPhone 16 smartfonynyň önümçilige goýberiljek senesi belli boldy

  • 11.10.2023 17:04
  • 11k+

Apple amerikan korporasiýasy iPhone 16-nyň irki prototipini taýýarlap, nusgany eýýäm synagdan geçirdi. Bu barada Tengri Life neşiri habar berýär.

Çeşmelere görä, kompaniýa Hytaýyň Çendu şäherinde önümçilik hataryny ýola goýdy. Dekabr aýynyň başynda ol ýerde beýleki smartfon prototipleri dörediler.
Insaýderler 2024-nji ýylyň başyndan Apple-iň önümçiligi kem-kemden giňeltjekdigi barada habar berdiler. Ýagny, mart we aprel aýlarynda korporasiýa komponentleri üpjün edijiler bilen ylalaşmagy we gajetleriň önümçiligini gurnamakçy bolýar. Adatça, Apple-iň täze smartfonlarynyň köpçülikleýin önümçiligi tomusda başlaýar.
Materialda täze seriýanyň dört modelden ybarat boljakdygy görkezilýär – bu iPhone 16, iPhone 16 Plus, iPhone 16 Pro we iPhone 16 Pro Max. Insaýderleriň maglumatlaryna görä, modeller çarçuwasyz dizaýna hem-de smartfonlary has berk, inçe we ýeňil etmäge kömek etjek täze materiallara eýe bolarlar. Mundan başga-da, Apple iň ýokary modellerde titan korpusyň üstünde işlemekçi bolýar.


20.02.2026 11:20
1.9k+

Kameraly äýnekler, akylly tumarlar we täze AirPods: Apple-yň geljekki meýilnamalary

Bloomberg agentliginiň synçysy Mark Gurman Apple kompaniýasynyň emeli aň goldawy bolan täze dakynylýan enjamlaryň üstünde işleýändigini habar berdi. Kompaniýa Siri ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin ähli täze enjamlary kameralar bilen enjamlaşdyrmagy meýilleşdirýär...

20.02.2026 10:14
331

Apple Music-de indi ýakyndaky konsertleri tapyp bolar

Apple kompaniýasy iOS 26.4 täzelenmesi bilen Apple Music hyzmatyna birnäçe möhüm funksiýalary goşýar. Bu täzelenmeler ulanyjylara söýgüli aýdymçylaryna has ýakyn bolmaga we emeli aňyň kömegi bilen täze sazlar dünýäsini açmaga mümkinçilik berer...

18.02.2026 09:48
1.3k+

Apple iOS 26.4-i hödürledi: Saz äleminde emeli aň we habarlaşmakda ýokary gorag

Apple işläp düzüjiler üçin iOS 26.4 operasion ulgamynyň ilkinji beta-wersiýasyny çykardy. Oňa multimedia, howpsuzlyk we aragatnaşyk ulgamlary üçin täze funksiýalar goşuldy. Ulanyjylar üçin ol resmi taýdan 2026-njy ýylyň ýazynda elýeterli bolar...

16.02.2026 09:50
1.5k+

Näçe sany iPhone iOS 26-a geçdi? Apple statistikasyny paýlaşdy

​Apple kompaniýasy iOS 26 operasion ulgamynyň ýaýradylmagy baradaky ilkinji resmi hasabatyny hödürledi. Maglumatlar App Store programmalary dükanyndaky ulanyjy işjeňligine esaslanýar we 2026-njy ýylyň 12-nji fewralyndaky ýagdaýy görkezýär...