Xiaomi kompaniýasy MIUI-dan ýüz öwrer – operasion sistema MiOS bilen çalşyrylar

  • 11.10.2023 17:02
  • 4.2k+

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy MIUI brendini 2010-njy ýyldan bäri Android ykjam operasion sistemasynyň ulanyjy interfeýsi üçin ulanýar. Indi resmi däl çeşmelerden öndürijiniň bu atdan ýüz öwürjekdigi we ýakyn wagtda ony MiOS bilen çalyşjakdygy belli boldy diýip, 3dnews.ru habar berýär.

MIUI operasion sistemasynyň hereket eden ýyllary kompaniýa täsirli ulanyjy bazasyny ýygnamagy başardy. Bar bolan maglumatlara görä, häzirki wagtda MIUI gurluşlaryny her aý dünýäde 564 mln adam ulanýar. Iň soňky wersiýa MIUI 14 geçen ýylyň dekabr aýynda anons edildi. Internet çeşmeleriniň habaryna görä, wendor MIUI brendinden ýüz öwürmekçi bolýar we eýýäm operasion sistemanyň indiki wersiýasy MiOS diýlip atlandyrylar.
Häzirki wagtda MiOS-yň Android üçin ulanyjy interfeýsiniň täze ady boljakdygy ýa-da Xiaomi-niň ykjam gurluşlar üçin öz operasion sistemasyny işläp düzýändigi belli däl. Öň Xiaomi-niň Android Open Source Project kody esasynda öz programma platformasyny çykaran Huawei-niň ýolundan gitjekdigi barada gürrüňler peýda bolupdy. Xiaomi-niň diňe bir smartfonlar we planşetler üçin däl, eýsem dakylýan gurluşlar we hatda elektromobiller üçin programma platformasyny işläp taýýarlaýandygy çaklanylýar.
Bellenilişi ýaly, Xiaomi MiOS haryt nyşanyny we mios.cn domenini eýýäm hasaba aldy. Mundan başga-da, Hytaýyň HBS-inde MiOS-yň käbir ýerli işläp düzüjilere elýeterli bolan beta-wersiýasynyň çykandygy barada habarlar peýda boldy.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...