Ýewropa çempionaty – 2028 Irlandiýada we Beýik Britaniýada geçiriler

  • 11.10.2023 16:00
  • 2.8k+

UEFA 2028-nji ýylyň futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň hojaýynlaryny tassyklady. Olar Beýik Britaniýa we Irlandiýa boldy. Bu barada championat.com habar berýär.

Ýewro – 2028-iň oýunlarynyň Belfast, Birmingem, Kardiff, Dublin, Glazgo, Liwerpul, London, Mançester we Nýukasl şäherlerinde geçirilmegine garaşylýar. Ýewropa çempionaty UEFA-nyň düzümine girýän milli toparlaryň arasynda her dört ýyldan bir gezek geçirilýär. Ýewro – 2028 hasap boýunça 18-nji ýaryşdyr.
Belläp geçsek, Ýewropa çempionaty – 2024 Germaniýada 10 şäherde we 10 stadionda geçiriler. Ýaryş 14-nji iýunda başlap, 14-nji iýulda tamamlanar. Final tapgyrynda, toparlaýyn tapgyrda 24 topar oýnar.
Ýewropanyň futbol çempionatynyň häzirki ýeňijisi Ýewro – 2020-iň finalynda Londonyň “Uembli” stadionynda “Angliýany” oýundan soňky penalti tapgyrynda utan Italiýanyň toparydyr.


şu gün 10:24
1k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......