Mercedes-Maybach syýahatçylary howa şarynda stratosfera iberer

  • 11.10.2023 15:59
  • 9.7k+

Özüniň ýokary derejeli awtomobilleri bilen belli bolan Mercedes-Maybach kompaniýasy Space Perspective startapy bilen birleşip, mümkinçiliklerini Ýeriň çäginden daşary giňeldýär. Bu hyzmatdaşlygyň netijesinde özboluşly dynç alyşlary baý söýüjiler interýeri Maybach-yň stilinde ýerine ýetiriljek howa şarynda stratosfera syýahat edip bilerler. Bu barada 3dnews.ru habar berýär.

Her bir kapsula ýolagçylary sagatda, takmynan, 23 km tizlik bilen 30 km belentlige galdyrjak wodorod bilen doldurylan ägirt howa şaryna berkidiler. Ýatladyp geçsek, kosmosyň serhedi 100 km belentlikde ýerleşýär, şonuň üçin bu syýahat ýolagçylara Ýeriň atmosferasyny terk etmän, kosmos duýgularyny dadyp görmäge mümkinçilik berýär.
Tutuş uçuş 6 sagat töweregi wagt alar: ýokary galmak üçin 2 sagat, ýokarda galmak üçin 2 sagat we yza dolanmak üçin 2 sagat. Adaty kosmos syýahatlaryndan tapawutlylykda, bu taslama raketa ýangyjyny talap etmeýär, bu bolsa ony ekologiýa taýdan arassa we düýbünden galmagalsyz syýahata öwürýär.
Kapsulanyň interýeriniň dizaýnyna aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda interýer Space Perspective tarapyndan işlenildi, ýöne bu taslama Mercedes-Maybach-yň goşulmagy bilen her kapsulanyň interýeriniň Maybach-yň stilinde bolmagyna garaşylýar. Muny ABŞ-da Mercedes-Maybach-yň başlygy Deniel Leskou tassyklady. Şeýle-de, Maybach EQS SUV-yň alty ýolagçyny kapsula eltmek üçin resmi ulag serişdesi boljakdygy bellenilýär.
Geljek üçin meýilnamalar 2024-nji ýylyň ahyryna meýilleşdirilen ilkinji missiýany öz içine alýar, şol bir wagtyň özünde synaglar eýýäm geçirilýär. Petegiň bahasy 125 000 dollara barabar.


20.04.2026 15:52
4.1k+

Merilin Monronyň süren seýrek Mercedes-Benz awtoulagy auksiona çykaryldy

Iconic Auctioneers auksion öýi 1956-njy ýylda aktrisa Merilin Monronyň süren, 1950-nji ýylda öndürilen üýtgeşik Mercedes-Benz 170 S (W136) awtoulagyny auksionda satar....

04.04.2026 13:43
16k+

Erling Holand her kime ýetdirmeýän seýrek «Maybach Virgil Abloh» superkaryny satyn aldy

«Mançester Sitiniň» hüjümçisi Erling Holand dünýäde diňe 150 nusgada öndürilen seýrek Mercedes-Maybach Virgil Abloh awtoulagyny öz kolleksiýasyna goşdy....

01.04.2026 11:57
3.2k+

Mercedes «Melgun Prada geýýär» filminiň ikinji bölüminiň hyzmatdaşy boldy

Mercedes kompaniýasy «Melgun Prada geýýär» («Дьявол носит Prada») filminiň ikinji bölüminiň hyzmatdaşy boldy — indi Miranda Pristli Mercedes-Maybach S-Class awtomobilini müner. Filmiň dünýä premýerasy 1-nji......

30.01.2024 07:45
18k+

Dubaýda bahasy 2,7 million dollardan 10 million dollara çenli bolan öýli kaşaň Mersedes-Benz Places ýaşaýyş diňi gurlar

Mersedes-Benz Emiratyň Binghatti jaý gurluşyk şereketi bilen bilelikde Dubaýda başy gökdirän Mercedes-Benz Places ýaşaýyş jaýyny gurar, ondaky öýleriň hersiniň bahasy 10 million dollar bolar diýip, Inc. habar berýär...