Mişlen ýolgörkezijisi: dünýäde iň arzan restoranlary bolan şäherler we ýurtlar saýlandy

  • 10.10.2023 14:22
  • 12k+

Täze gözleg arzan bahadan Mişlen ýyldyzly restoranlarda iýip-içmek üçin iň gowy şäherleri we ýurtlary ýüze çykardy. Bu barada Tengritravel.kz belleýär.

John Lewis Finance kompaniýasy Mişlen ýolgörkezijisinden 16 000 restorany seljerip, myhmanlaryň ortaça 35 ýewro doly derejeli günortanlyk edinmegi üçin amatly bolanlaryny saýlady. 
Ýolgörkezijä diňe Mişlen ýyldyzlary bilen tapawutlanan restoranlar däl-de, eýsem Green Star we Bib Gourmand ýaly beýleki abraýly baýraklara mynasyp bolanlar hem goşuldy.  
Arzan Mişlen restoranlary bolan şäherleriň reýtinginde Tokio bilen Seul öňdebaryjydyr: olaryň her birinde baha we hil gatnaşygy gowy bolan onlarça restoranlar bar. Ýurtlar barada aýdylanda, gözleg ýeňiji hökmünde Italiýany saýlady.
Iň arzan Mişlen ýyldyzly restoranlary bolan ýurtlaryň ilkinji onlugy şeýle görnüşde:

  1. Italiýa (230 restoran);
  2. Ýaponiýa (177 restoran);
  3. Singapur (150 restoran);
  4. Fransiýa (140 restoran);
  5. Tailand (125 restoran);
  6. Ispaniýa (118 restoran);
  7. Taýwan (113 restoran);
  8. ABŞ (80 restoran);
  9. Germaniýa (68 restoran);
  10. Hytaý (66 restoran).

Iň arzan Mişlen ýyldyzly restoranlary bolan şäherleriň sanawy şeýle görnüşde:

  1. Tokio, Ýaponiýa (77 restoran);
  2. Seul, Günorta Koreýa (59 restoran);
  3. Osaka, Ýaponiýa (46 restoran);
  4. Bangkok, Tailand (43 restoran);
  5. Kioto, Ýaponiýa (40 restoran) we Taýbeý, Taýwan (40 restoran);
  6. Taýnan, Taýwan (35 restoran);
  7. Guançžou, Hytaý (24 restoran);
  8. Jorjtaun, Malaýziýa (23 restoran);
  9. Taýçžun, Taýwan (22 restoran).
düýn 20:25
4.4k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
5.5k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
3.9k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
1.9k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......