Pakistanyň energetika ministri Aşgabatdaky nebitgaz sergisine gatnaşar

  • 10.10.2023 13:53
  • 4.8k+

Pakistanyň premýer-ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Anwar-ul-Hak Kakar energiýa ýetmezçiligini başdan geçirýän we onuň örän gymmat çeşmelerini ulanýan Pakistan hökümetiniň gaz importy boýunça Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy.

“Türkmenistanda gazyň potensialy örän uly we men wagtlaýyn hökümet ygtyýarynyň möhletiniň ahyryna çenli bu babatda amaly netijä geleris diýip umyt edýärin” – diýip, premýer-ministr Talk Shock media platformasyna beren interwýusynda aýtdy. Muny Associated Press of Pakistan (APP) agentligine salgylanyp, Orient ýetirýär.

Şunuň bilen baglylykda, ol birnäçe hepdeden Pakistanyň energetika ministriniň Türkmenistanda geçiriljek Energetika hepdeligine (25 – 27-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT 2023 nebit-gaz forumy) gatnaşjakdygyny habar berdi.
9-njy oktýabrda Anwar-ul Hak Kakar Pakistanyň Federal energetika, energiýa we nebit ministri Muhammad Ali bilen duşuşdy. Premýer-ministre maýa goýumlara ýardam etmek boýunça Ýörite geňeşiň çäklerinde ýurduň mineral-çig mal pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny ösdürmek üçin görülýän çäreler barada habar berildi.


17.01.2026 08:47
4.8k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
3.6k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

12.12.2025 16:33
5.1k+

Uzynada käninde birbada üç sany guýy ulanyşa girizildi

"Türkmennebit" döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň zähmet toparlary Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda ýerleşýän Uzynada käninde birbada üç sany guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlap, ulanyşa tabşyrdylar...