Usman Nurmagomedow Brent Primusy ýeňip, çempionlyk guşagyny gorady

  • 09.10.2023 20:30
  • 20k+

8-nji oktýabra geçilýän gije San-Diýegoda (Kaliforniýa, ABŞ) Bellator 300 garyşyk söweş sungaty ýaryşy geçirilip, esasy ýaryşda ýeňil agramdaky russiýaly çempion Usman Nurmagomedow we amerikaly türgen Brent Primus duşuşdy.

Söweş bäş raundyň hemmesinde dowam etdi we eminleriň biragyzdan gelen karary bilen Nurmagomedowyň ýeňmeginde tamamlandy (50-45, 50-45, 50-45).
Bellator 292-de bolup geçen öňki söweşinde Nurmagomedowyň birinji tapgyrda ABŞ-nyň wekili Benson Hendersony demikdiriji täri bilen ýeňendigini ýatladýarys.
Nurmagomedowyň hasabynda 18 sany MMA söweşi bolup, ol 18 ýeňiş gazandy we olaryň sekizisini nokaut bilen gazandy.
Amerikaly türgen Primus öňki söweşinde Bellator 296-da eminleriň biragyzdan gelen karary bilen Mansur Barnaui ýeňdi. Onuň hasabynda 12 ýeňiş we dört ýeňliş bar.


13.03.2026 12:13
7.9k+

Hamzat Çimaýew UFC 328 ýaryşynda Şon Striklend bilen tutluşar

UFC-niň orta agramda häzirki çempiony, 31 ýaşly ýeňilmezek Hamzat Çimaýew bu agramda promouşeniň öňki çempiony, amerikaly Şon Striklend bilen tutluşar. Bu barada liganyň X sosial ulgamyndaky resmi akkaunty habar berýär...

11.03.2026 18:54
8.4k+

Oliweýra UFC-niň iň gowy söweşijileriniň P4P reýtingine gaýdyp geldi, Sarukýan çykdy

Braziliýaly söweşiji Çarlz Oliweýra agram derejesine garamazdan (pound-for-pound) UFC-niň iň gowy 15 söweşijisiniň sanawyna gaýdyp geldi. Reýtingdäki bu üýtgeşme Oliweýra UFC 326 ýaryşynda Maks Holloweýi ýeňip, BMF guşagyny gazanandan soň bolup geçdi...

10.03.2026 12:23
15k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedro bilen urşar

Garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow 16-njy aprelde Demirgazyk Irlandiýanyň Belfast şäherindäki «SSE Arena» arenasynda geçiriljek PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedro bilen duşuşar...

10.03.2026 07:58
6.5k+

UFC 326 turnirinde Oliweýra Holloueýden üstün çykyp, 2,2 million dollardan gowrak girdeji gazandy

UFC-niň ýeňil agramda öňki çempiony Çarlz Oliweýra UFC 326 turniriniň iň köp hak tölenýän gatnaşyjysy boldy. Sporty Salaries portalynyň maglumatlaryna görä, braziliýaly söwüşiji agşamyň esasy tutluşygy üçin 2,282 million dollar aldy...