Sentýabr aýynyň iň kuwwatly Android smartfonlarynyň reýtingi düzüldi

  • 07.10.2023 20:27
  • 15k+

AnTuTu bençmarkynyň işläp düzüjileri Android smartfonlarynyň öndürijiliginiň sentýabr aýy üçin reýtingini neşir etdiler. Sanawda birinji orny eýýäm yzygider ikinji aý OnePlus Ace 2 Pro eýeledi. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

AnTuTu bençmarkynda OnePlus Ace 2 Pro-nyň ortaça baly 1,66 mln boldy. Gajet reýtingiň beýleki sekiz smartfony ýaly Snapdragon 8 Gen 2 flagman çibi bilen üpjün edildi. Bu sanawda başga çipli ýeke-täk smartfon iQQQ Neo8 Pro boldy (1,55 mln bal), ol MediaTek Dimensity 9200+ çibine esaslanýar. Smartfon AnTuTu  reýtinginde onunjy orny eýeledi.
Ikinji orunda iQQQ 11S (1,64 mln), üçünji orunda RedMagic 8S Pro+ (1,62 mln) ýerleşdi. Olaryň yzyndan iQQQ 11 Pro (1,62 mln) we Vivo X90 Pro+ (1,61 mln) gelýär.
OnePlus Ace 2 Pro bilen köp babatda meňzeş bolan Realme GT5 AnTuTu-da 1,59 mln bal alyp, altynjy orny eýeledi. Oppo Find X6 Pro-nyň ortaça bahasy 1,58 mln bal boldy. Sekizinji we dokuzynjy orunlary One Plus 11 (1,57 mln) we Xiaomi 13 Ultra (1,56 mln) eýeledi. Onlugy, bellenip geçilişi ýaly, iQQQ Neo8 Pro jemledi.

düýn 20:25
4.6k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
5.6k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
4.5k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
2k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......