Katarda Geneva International Motor Show Qatar 2023 halkara awtosalony açyldy

  • 07.10.2023 19:36
  • 3.2k+

Ýylyň iň uly awtomobil çäreleriniň biri bolan Ženewa halkara awtosalony (GIMS) myhmanlar üçin gapylaryny açdy. Bu barada tarantas.news habar berýär.

2023-nji ýylda Ženewa halkara awtosalony (GIMS) Şweýsariýada däl-de, Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçirilýär. Sergi Geneva International Motor Show Qatar 2023 diýlip atlandyryldy. Bu awtosalon 5-nji oktýabrdan 14-nji oktýabr aralygynda dowam eder. Guramaçylaryň meýilnamalary boýunça, çäre 200 müňe golaý myhmany özüne çeker. Sergide köp sanly gyzykly täze awtomobil önümleri, konseptkarlar, elektrokarlar we awtomobil pudagynda innowasion tehnologiýalar hödürlener.
Ilkinji iki gün (5-6-njy oktýabr) awtomobil sergisi “press day” diýlip atlandyrylan günüň çäklerinde diňe žurnalistler we tehniki hünärmenler üçin elýeterli boldy. 7-nji oktýabrdan 14-nji oktýabra çenli bolsa awtosalonyň gapylary dünýäniň täze önümleri bilen tanyşmak isleýänleriň hemmesi üçin açykdyr.


21.08.2022 16:15
6.9k+

Ženewa awtosalony 2023-nji ýylda Dohada geçiriler

2023-nji ýylda Ženewa halkara awtosalony Şweýsariýadan daşary geçiriler. Çäräniň geçiriljek ýeri Ženewanyň deregine Kataryň Doha şäheri bolar. Bu barada awtosalonyň guramaçylyk gaznasynyň beýanyna salgylanyp, Bloomberg...

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......