Ýewropanyň iň beýik Monblan dagy 2,2 m peseldi

  • 07.10.2023 10:38
  • 11k+

Ýewropada iň beýik depe hasaplanýan Alp dag gerişleriniň Monblan gerşi soňky 10 ýylda 2,2 metr peseldi. Bu maglumatlar Ýokarky sawoýa bölüminiň gözlegçilerine salgylanmak bilen, France Info radiosy tarapyndan berilýär.

Ölçegler 14-16-njy sentýabr aralygynda topograflar, alymlar we türgenler topary tarapyndan geçirildi, olaryň arasynda fransuz biatletçisi Marten Furkad hem bar. Gözlegleriň netijelerine görä, dagyň häzirki beýikligi 4 805, 59 m.
Bu iş iki ýyldan bir gezek geçirilýär. Gözlegçiler ygalyň we gerşiň üstündäki garlaryň eremeginiň täsiri bilen dagyň beýikliginiň her ýyl birneme üýtgäp durýandygyny bellediler, ýöne häzirki netije gözegçilikleriň taryhynda iň pesi. Şeýlelik bilen, 2001-nji ýylda gözlegçiler dagyň beýikligini 4 810,40 m diýip ýazan bolsalar, şondan bäri 2019-njy ýyla çenli 4 808 m-den aşak düşmedi. Şonda 4 806 m - rekord pes netije görkezildi, ol hatda birnäçe wagtlap aýan hem edilmedi. Deňeşdirmek üçin, dagyň daşly böleginiň, gar we buz “papagyny” hasaba almazdan, beýikligi 4 792 m diýlip çaklanylýar.


28.05.2026 21:19
4.1k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......

28.05.2026 11:57
3.8k+

Tomus maýda başlady: Ýewropany anomal yssy gurşap aldy

Günbatar Ýewropa ýurtlary entek tomus başlanmanka anomal yssy howa bilen ýüzbe-ýüz boldular....

27.05.2026 18:08
3.6k+

Çehiýa Respublikasynyň ýaşaýjysy Eurojackpot lotereýasyndan 120 million ýewro utdy

Eurojackpot lotereýasyny oýnan çehiýaly oýunçy zerur bolan sanlaryň tutuş kombinasiýasyny dogry bilip, 120 million ýewrolyk baş baýragy utdy. Bu barada utuşly oýny utgaşdyryjy, Mýunsterde ýerleşýän Westlotto......

26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......