BAE ýakynda dünýäniň iň uly Gün elektrik stansiýalarynyň birini işe girizer

  • 06.10.2023 14:01
  • 17k+

Abu-Dabiniň TAQA milli energiýa kompaniýasy ýakyn wagtda BAE-de kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny ýylda 2,4 million tonna azaltmaga mümkinçilik berjek dünýädäki iň uly Gün elektrik stansiýalarynyň birini işe girizmegi meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň baş müdiri Jasem Huseýn Tabet aýtdy.

"Täzelenip bilýän energiýa çeşmeleri babatynda, birnäçe hepdäniň içinde dünýädäki iň uly Gün fotoelektrik desgalarynyň birini açarys.  Doly kuwwatynda işledilende, ol kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny ýylda 2,4 million tonna azaltmaga kömek eder" diýip, Tabet Abu-Dabide geçirilen ADIPEC sergisinde çykyş edende aýtdy.

TAQA-nyň müdiriniň sözlerine görä, stansiýada öndürilen elektrik energiýasy bir kWt sagada 1,32 sent nyrhdan satylar we şeýlelikde, taslama “dünýäde ykdysady taýdan iň tygşytlylaryň birine” öwrüler.
Stansiýanyň gurluşygy 2020-nji ýylda Abu-Dabiniň paýtagt emirliginde ýerleşýän Ad-Dhafra sebitinde başlandy. Taslamany durmuşa geçirmeklige TAQA kompaniýasy bilen bilelikde Emiratyň Masdar-y, Fransiýanyň EDF Renewables-i we Hytaýyň Jinko Power kompaniýasy gatnaşýar.


17.06.2026 10:34
2.2k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 11:09
2k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

02.06.2026 20:46
4.6k+

Italiýa elektrik togunyň ölçeg birliginiň adyny üýtgetmegi teklip edýär

Italiýanyň Hökümeti elektrik naprýaženiýesiniň halkara ölçeg birliginiň adyny «woltdan» «wolta» diýip üýtgetmek başlangyjy bilen çykyş etdi....

25.05.2026 16:14
5.5k+

2000 sany serwer suwa çümdi: Hytaý ýel energiýasy bilen işleýän ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi

Hytaý deňiz şemaly elektrik stansiýalarynyň energiýasy bilen işleýän dünýäde täjirçilik maksatly ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi. Bu desga Şanhaýyň kenarýakasynda ýerleşýär....