Biologlar balykçylyga zyýan bermezden kitleri goramagyň täze usulyny teklip etdiler

  • 06.10.2023 09:01
  • 9.8k+

Deňizdäki leňňeç duzaklarynyň sanyny azaltmak kitleri goramakda has ösen çärelerden, şol sanda olaryň sanyna hakyky wagtda gözegçilik etmekden has täsirlidir. Santa-Barbara şäherinde ýerleşýän Kaliforniýa uniwersitetiniň amerikan alymlary şeýle netijä geldiler.

«Biz balykçylyk pudagyna uly täsir etmezden, kitleriň sanynyň azalmagynyň öňüni almak üçin dolandyryş strategiýalarynyň haýsy görnüşleriniň has gowy netije berjekdigini anyklamaga synanyşýardyk. Ýüpli balyk duzaklarynyň mukdaryny azaltmak ýaly ýönekeý çözgütleriň çylşyrymly usullardan has netijelidigini gördük» diýip, gözlegiň awtory Kristofer Fri belledi.

Leňňeç duzaklarynyň özi ullakan kitlere howp salmaýar, ýöne deňiz ägirtleri köplenç duzaklary ýokary çekmek üçin ulanylýan berk ýüplere çolaşýarlar.
Hünärmenler leňňeç duzaklarynyň sanyna, kitleriň özüni alyp barşyna we leňňeççilik pudagyna esaslanyp, kitleri leňňeç duzaklaryndan goramagyň dürli usullaryny öwrenmek üçin kompýuter modelini döretdiler. Olar duzaklaryň sanyny 30% azaltmak çolaşmalary iň pes derejä çenli azaldar diýen netijä geldiler.

düýn 20:25
4.6k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
5.7k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
4.6k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
2k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......