TikTok ulanyjylaryna pul töläp, mahabatlary öçürmäge mümkinçilik berer

  • 06.10.2023 08:59
  • 8.4k+

Meşhur TikTok sosial ulgamy ulanyjylara az-kem töleg geçirip mahabatlardan dynmaga mümkinçilik berýän täze aýratynlygy synagdan geçirýär. Bu barada Android Authority habar berýär.

TikTok programmasynyň iň soňky wersiýasynda hyzmatyň mahabat görkezmeýän nyrh meýilnamasyny saýlamak mümkinçiliginiň bardygyny görkezýän kod setirleri peýda boldy. Ulanyjylar şahsylaşdyrylan mahabatlary öz içine alýan adaty mugt taryfa we aýda 4,99 dollar bahasy bolan mahabatsyz taryfa (Ad-free) girip bilerler.
TikTok-yň wekilleri TechCrunch-a, hakykatdanam, tölegli taryfy “Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşyndaky iňlis dilli bazarlaryň birinde” synagdan geçirýändiklerini tassykladylar.
Şeýle-de bolsa, kiçi göwrümli synaglaryň bu aýratynlygyň ýakyn wagtda goýberiljekdigini görkezýändigini inkär edýärler. 2023-nji ýylda X sosial ulgamynda (öňki Twitter) Telegram messenjerinde we beýleki hyzmatlarda tölegli abuna ýazylyşlar peýda boldy.
Şeýle-de bolsa, bu taryflar diňe bir mahabaty öçürmek bilen çäklenmän, ulanyjylara mugt wersiýalarynda ýok goşmaça aýratynlyklary hem hödürleýär.


şu gün 15:58
779

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

17.05.2026 23:27
3.1k+

TikTok-da görüp oturan wideolaryňdan myhmanhanalary we syýahatlary göni bronlamak hyzmaty peýda boldy

TikTok kompaniýasy myhmanhanalary, gözel ýerleri we güýmenje ýerleri gözlemek hem-de bronlamak funksiýalaryny göni ykjam goşundynyň içine birleşdirýän TikTok GO hyzmatynyň resmi taýdan işe girizilendigini......

13.05.2026 20:01
4.4k+

TikTok ABŞ-da çagalaryň maglumatlary boýunça gozgalan dawany çözmek üçin 400 million dollar tölär

ABŞ-nyň hökümeti we TikTok sosial ulgamynyň ýolbaşçylygy kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylaryň gizlinliginiň bozulmagy bilen bagly giň gerimli derňew işi boýunça ylalaşyk baglaşmaga golaýlaşýarlar. Tölenjek......

27.03.2026 17:36
6.8k+

Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......