Ozon kompaniýasy akylly telewizorlar üçin hususy operasion ulgamyny hödürledi

  • 06.10.2023 08:42
  • 5.1k+

«Ozon» kompaniýasy «Ozon TV» akylly telewizorlar üçin öz operasion ulgamyny hödürledi.

«Ozon TV» kompaniýanyň hususy markasy bolan «Hartens» telewizorlarynda gurnalar. Operasion ulgam «VK» we Russiýanyň telewizor öndürijisi «Kwant» bilen bilelikde işlenip düzüldi.
«Ozonyň» «VK» bilen hyzmatdaşlygynyň çäginde täze operasion ulgam «RuStore» ykjam goşundylaryň dükany, şeýle hem «Marusýa» sesli kömekçi ýaly birnäçe hyzmatlar bilen üpjün ediler. «Marusýa» telewizora gözegçilik etmekden başga-da, howa barada habar berip ýa-da täzelikleri aýdyp biler, şeýle hem halanýan aýdymy açyp biler. «Hartens» telewizorlarynda «VK Video» we «VK Play» ýaly beýleki hyzmatlar hem elýeterli bolar.
«Hartens» telewizorlarynyň synag tapgyry eýýäm satyn almak üçin elýeterli edildi. Kompaniýa ýylyň ahyryna çenli bazara, takmynan, 25 müň enjamyny çykarmagy meýilleşdirýär.

düýn 20:25
4.6k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
5.7k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
4.6k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
2k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......